2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan türgenlere beriljek medallar ulanyşdan galan mobil enjamlaryndaky metallardan ýasalar. Tehnologiýa babatda ösen ýurtlaryň biri hasaplanýan Ýaponiýa ulanyş möhleti tamamlanan elektron enjamlaryny hem gaýtadan işleýär. Mälim bolşy ýaly, elektron abzallardan altyn, kümüş, mis we beýleki gymmat bahaly materiallar az mukdarda ulanylýar. Olimpiýada ýolbaşçylyk edýän Koji Murofuşi Ýer ýüzünde çeşmeleriň çäginiň bardygyny we olary gaýtadan peýdalanmagyň daşky gurşawy aýap saklamaga ýardam etjekdigini aýdýar. “NTT Docomo” şereketi Daşky gurşawy goramak Merkezi bilen bilelikde, köne smartfonlardan azyndan 8 tonna metal ýygnamagy maksat edinýär. Mundan ozalky Olimpiýa oýunlarynda hem elektron enjamlaryndan alnan metallardan peýdalanylypdy. Emma Tokioda ýeňijilere beriljek ähli medallaryň köne enjamlardan ýasaljakdygy mälim edildi. “NTT Docomo” kompaniýasy köne enjamlary ýygnamagy aňsatlaşdyrmak üçin 2 müň 400 dükanynda we beýleki ýerlerde enjamlary kabul edýän gutulary ýerleşdirdi.