Iň ygtybarly telefonlary öndürmegi bilen tanalýan “BlackBerry” beýleki şereketler bilen bilelikde smartfon önümçiligini ýola goýmak isleýär. Soňky ýyllarda satuwy pese gaçan şereket “BlackBerry” ady bilen telefon öndürmek isleýänler bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ýagny, özbaşdak telefon işläp taýýarlamagy bes etdi. Bu ugurdaky ilkinji hyzmatdaşlyk Indoneziýanyň “BB Merah Putih” kompaniýasy bilen ýola goýlupdy. Häzirki wagtda “BlackBerry” programma ýazmaga has köp üns berýär. Geçen ýylyň dekabrynda “TCL Communication” şereketi bilen howpsuzlyk programmalaryny taýýarlamakda hem hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi.
Hindistanyň aragatnaşyk kompaniýasy “Optiemus Infracom” bilen bolsa, android amaly ulgamly DTEK60 we DTEK50 modelleriniň satuwy we paýlanmagy barada hyzmatdaşlyk edýär. Bu ylalaşyk “BlackBerry” smartfonlarynyň Hindistandaky satuwynyň görnetin artmagyna ýardam eder. Golaýda bolsa, “BlackBerry” “Optiemus” bilen Hindistanda, Şri-Lankada, Nepalda we Bangladeşde “BlackBerry” atly smartfonlary bilelikde işläp düzjekdiklerini, öndürjekdiklerini we satjakdyklaryny mälim etdi. Bu hyzmatdaşlyk arzan bahaly smartfonlaryň öndürilmegine we satylmagyna şert döreder. Iki kompaniýa bu taslamanyň çäklerinde 1,5 milliard smartfon öndürmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda Hindistanyň ilatynyň 20 göterimi smartfon ulanýar. Bilermenler gysga wagtda Hindistanyň ABŞ-dan ozup, iň uly ikinji smartfon bazaryna öwrüljekdigini çaklaýarlar. Şeýle bolansoň, bu ýurtda smartfon satmak isleýän kompaniýalaryň sany hem barha artýar.