Iri tehnologiýa kompaniýasy “Apple”-iň öz önümlerini Hindistanyň demirgazygyndaky Karnataka ştatynda öndürjekdigi aýan edildi. Ştatyň tehnologiýa we biotehnologiýa ministri Priýank Kharge ilkinji önümçiligiň aprel aýynda Bangalor şäherinde ýola goýuljakdygyny habar berdi. “Apple”-iň Hindistandaky el telefonlarynyň satuwy umumy bazaryň 2 göterimini emele getirýär we “Samsung” bilen deňeşdireniňde, bu görkeziji örän az. Muňa garamazdan, ýurtda bahasy 450 dollardan ýokary bolan el telefonlarynyň ýarysyny “iPhone”-lar emele getirýär we onuň satuwy has hem ýokarlanýar. “Apple”-iň zawodynyň Taýwanyň “Wistron” şereketi tarapyndan guruljakdygy mälim edildi. Häzriki wagtda “Apple” öz önümlerini öndürmekde “Foxconn” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Onuň zawodlarynyň aglabasy Hytaýda ýerleşýär. Hindistanda hereket edýän kanunçylyga görä, daşary ýurtly maýadarlar öz önümlerini bu döwletde satmaklary üçin önümçilik kärhanalarynyň hem bu ýerde bolmagyny talap edýär. Şol sebäpli Hindistanda “Apple” dükanlary ýok. Şeýle hem bu ýurtda öndürilýän önümleriň şaýlarynyň 30 göteriminiň ýerli önüm öndürijilerden üpjün edilmegi hökmany hasaplanýar. Amerikan kompaniýasy dünýäniň ilat sany boýunça ikinji ýurdunda öz dükanlaryny açmagy maksat edinýär.
“Apple”-iň ýolbaşçysy Tim Kuk bolsa, Hindistanda amala aşyryljak işleriň özüni örän begendirýändigini, bölek söwda dükanlary we beýleki birnäçe meselede Hindistanyň hökümeti bilen gepleşikleri geçirýändiklerini aýtdy. Şeýle hem Kuk bu ýurtda maýa goýumlary özleşdirmegi dowam etdirjekdiklerini aýtdy.