Ki­no dün­ýä­si­niň iň esa­sy fes­ti­wal­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan Ber­lin film şü­we­le­ňi (“Ber­li­na­le”) hep­dä­niň pen­şen­be gü­ni baş­la­dy. 67-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän çä­re 19-njy few­ra­la çen­li do­wam eder. Ger­ma­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Ber­lin­de gu­ral­ýan fes­ti­wal­da 18 film “Al­tyn aýy” we “Kü­müş aýy” baý­rak­la­ry ug­run­da da­laş­gär­li­ge hö­dür­len­di. Fran­si­ýa­ly Etien Ko­ma­ryň re­žiss­ýor­lyk eden “Djan­go” fil­mi bi­len açy­lan fes­ti­wal­da emin­ler to­pa­ry­na gol­lan­di­ýa­ly meş­hur re­žiss­ýor, “Ro­bo­kop” (Ro­boCop, 1987), “Hem­mä­ni ýa­dy­ňa sal­mak” (To­tal Recall, 1990), “Esa­sy duý­gy” (Ba­sic Ins­tinct, 1992), “Şol ze­nan” (El­le, 2016) ýa­ly il­ha­lar ki­no­la­ry su­ra­ta dü­şü­ren Pol Wer­ho­wen baş­tu­tan­lyk edýär. Emin­ler to­pa­ry­nda da­ni­ýa­ly heý­kel­ta­raş Ola­fur Elias­son, tu­nis­li prod­ýu­ser Do­ra Bu­çu­çua Fu­ra­ti, ame­ri­ka­ly ta­ny­mal akt­ri­sa Meg­gi Gil­len­ha­al, ger­ma­ni­ýa­ly akt­ri­sa Ýu­lia Ýenç, mek­si­ka­ly akt­ýor we re­žiss­ýor Die­go Lu­na hem-de hy­taý­ly sse­na­ri­çi, re­žiss­ýor Wan Ku­an’an da­gy bar. Şeý­le-de 11 gün­läp do­wam et­jek “Ber­li­na­le­de” bri­ta­ni­ýa­ly Sal­li Pot­te­riň “Şa­ga­laň” (The Par­ty), ko­re­ýa­ly San-soo Ho­nuň “Ag­şa­ma­ra ke­nar­da ýal­ňyz” (On the Beach at Night Alo­ne), hy­taý­ly Liu Jia­nyň “Günüňiz haýyrly bolsun” (Have a Nice Day), weng­ri­ýa­ly Il­di­ko En­ýe­di­niň “Be­den we ruh” (On Bo­dy and So­ul), ger­ma­ni­ýa­ly Wol­ker Şlön­dorf­fyň “Mon­tau­ka do­lan­mak” (Re­turn to Mon­ta­uk), finl­ýan­di­ýa­ly Aki Kau­ris­ma­ki­niň “Umy­dyň beý­le­ki ta­ra­py” (The Ot­her Si­de of Ho­pe), çi­li­li Se­bas­ti­an Le­lio­nyň “Ajap ze­nan” (A Fan­tas­tic Wo­man), ýa­po­ni­ýa­ly Hi­ro­ýu­ki Ta­na­ka­nyň (Sa­bu) “Je­nap Long” (Mr. Long), ame­ri­ka­ly Oren Mo­wer­ma­nyň “Ag­şam­lyk na­har” (The Din­ner), por­tu­ga­li­ýa­ly Ko­lo Wil­ýa­wer­de­niň “Ko­lo” (Colo), pol­şa­ly Ag­ni­eş­ka Hol­lan­dyň “Ýa­ba­ny haý­wa­nyň aýak yzy” (Spoor), awst­ri­ýa­ly Ýo­sef Ha­de­riň “Ýa­ba­ny sy­çan” (Wild Mou­se), bra­zi­li­ýa­ly Mar­se­lo Go­me­siň “Hoa­kim” (Joaquim), ger­ma­ni­ýa­ly To­mas Ars­la­nyň “Ýag­ty gi­je­ler” (Bright Nights), ýe­ne-de ger­ma­ni­ýa­ly And­res Weie­liň “Boýs” (Beuys), ru­my­ni­ýa­ly Ka­lin Pe­ter Net­se­riň “Ana – me­niň söý­gim” (Ana, mon amour) hem-de Etien Ko­ma­ryň “Djan­go” film­le­ri baş baý­rak ug­run­da da­laş et­jek ki­no­lar­dyr. Fes­ti­wal­da bäs­le­şik­den daş­ga­ry-da “Lo­gan”, “T2 Trans­pot­ting”, “The Mid­wi­fe”, “Fi­nal Port­ra­it” ýa­ly ki­no­lar hem gat­na­şy­jy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ri­ler.
We­ne­si­ýa (Ita­li­ýa) we Kann (Fran­si­ýa) film fes­ti­wal­la­ry bi­len bi­le­lik­de, dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy ki­no fes­ti­wal­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan “Ber­li­na­le” il­kin­ji sa­par 1951-nji ýyl­da ge­çi­ril­di. Şon­dan bä­ri yzy­gi­der­li gu­ra­lyp ge­lin­ýän Ber­lin film fes­ti­wa­lyn­da baş baý­rak hök­mün­de “Al­tyn aýy” sy­la­gy be­ril­ýär. Bu baý­ra­gy iň köp ame­ri­kan ki­no­la­ry ga­za­nyp, olar 12 sa­par “Ber­li­na­le­den” ýe­ňiş bi­len do­lan­dy­lar. Ge­çen ýyl Ber­lin­de ita­li­ýa­ly re­žiss­ýor Jianf­ran­ko Ro­si­niň “De­ňiz­dä­ki alaw” at­ly do­ku­men­tal fil­mi baş baý­ra­gy eýe­läp­di. Ga­ly­ber­se-de, Ber­lin film fes­ti­wa­lyn­da 1982-nji ýyl­dan bä­ri her ýyl ki­no sun­ga­tyn­da bi­ti­ren hyz­mat­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp, we­te­ran ki­no­çy­la­ryň bi­ri­ne (ar­tist, re­žiss­ýor, sse­na­ri­çi, prod­ýu­ser…) “Al­tyn aýy” hor­mat sy­la­gy be­ril­ýär. Bu ar­zy­ly baý­rak şu ge­zek­ki fes­ti­wal­da 71 ýa­şyn­da­ky ita­li­ýa­ly akt­ri­sa Mi­le­na Kan­no­ne­ro gow­şu­ry­lar.