HP kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­niň iň ýu­ka no­ut­bu­gy­ny­ sa­tu­wa çy­kar­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu komp­ýu­te­riň “App­le”-iň “Macbo­ok” at­ly no­ut­bu­gyn­dan hem ýu­ka we aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň has ýo­ka­ry bol­jak­dy­gy habar berildi. “Eli­te­bo­ok Fo­lio” se­ri­ýa­sy­na de­giş­li en­ja­my ýy­lyň ba­şyn­da Bar­se­lo­na­da ge­çi­ri­len “CES 2016” hal­ka­ra ser­gi­sin­de köp­çü­li­ge ta­nyş­dy­ryp­dy. Go­laý­da satuwa çykaryljak tä­ze en­jam­la­r ba­ra­da tä­ze mag­lu­mat ýaý­ra­dyl­dy.
“HP Spectre” at­ly komp­ýu­te­riň al­ýu­min­den edi­len 10,4 mm-lik ga­ba­ra­sy bar. Ulu­ly­gy 13,3 dýuým. Ýe­ňil hem-de berk ma­te­ri­al­dan ýa­sa­lan daş­ky ga­ba­ra­sy komp­ýu­te­riň ag­ra­my­nyň ýe­ňil we ýu­ka bol­ma­gy­na ýar­dam edip­dir. Onuň ag­ra­my 1,1 kg. No­ut­bu­gyň ba­ta­re­ýa­sy iki bö­le­ge bö­lü­nip­dir. Ol komp­ýu­te­riň 9,5 sa­gat iş­le­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Komp­ýu­ter fo­to­su­rat­lar bi­len iş­le­nen­de, fil­me to­ma­şa edi­len­de we beý­le­ki iş­ler edi­len­de uly ýe­ňil­lik­ler dö­red­ýär. Onuň 512 gi­ga­baýt­lyk ýa­dy we 8 gi­ga­baýt RAM-y bar. En­ja­myň so­wa­dy­jy ul­ga­my komp­ýu­te­riň gyz­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar we uzak wagt­lap iş­le­me­gi­ne şert dö­red­ýär.
15,6 dýuým­lyk “HP ENVYx360” at­ly mo­del ozal­ky­syn­dan 21 gö­te­rim has ýu­ka we ba­ta­re­ýa­sy­nyň uza­ga çy­dam­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. 2,04 kg ag­ra­my bo­lan no­ut­bu­gyň ga­lyň­ly­gy 18,8 mm. Mun­dan ozal­ky nus­ga­sy bir ge­zek zar­ýad bi­len 8 sa­gat iş­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän bol­sa, tä­ze nus­ga­da bu gör­ke­zi­ji 11 sa­ga­da ýe­ti­ri­lip­dir. En­ja­myň ba­ha­sy 749 ýew­ro bo­lar.
Tä­ze ne­sil “HP ENVY” no­ut­bu­gy has ýo­ka­ry hil­li şe­kil­le­ri gör­kez­ýär. Oňa 90 mi­nut­da 90 gö­te­rim zar­ýad be­rip bol­ýar. 15,6 dýuým­lyk “ENVY”-niň ag­ra­my 1,99 kg, ga­lyň­ly­gy 17,95 mm. “HP ENVY” 899 ýew­ro­dan sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.
“HP Spectre Pro 13” at­ly komp­ýu­te­ri­ne bol­sa, “Win­dows 10 Pro” ama­ly ul­ga­my bi­len üp­jün edi­lip­dir. Komp­ýu­te­riň iýun­da 1499 ýew­ro­dan sa­tu­wa çy­ka­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.