Haryt önümçiligini we girdejisini barha artdyrýan “Huawei” kompaniýasy 2015-nji ýyla degişli maglumatlaryny ýaýratdy. Kompaniýa mobil enjamlary bilen, bir hatarda, aragatnaşyk infrastrukturasy üçin hem gerekli abzallaryň önümçiligi we gurnalmagy bilen hem meşgullanýar. Hytaý kompaniýasynyň dünýä boýunça umumy girdejisi 395 milliard ýuan (60,8 milliard dollar) bolupdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 37 göterimlik ösüş diýmegi aňladýar. Kompaniýanyň arassa girdejisi 36,9 milliard ýuan (5,7 milliard dollar) bolupdyr. Bu görkeziji kompaniýanyň ösüşiniň öňki ýyldakydan 33 göterim bolandygyny aňladýar.
Kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Guo Ping “Huawei”-iň dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşýan maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary pudagynda uzak wagtdan bäri iş alyp barýandygyny aýdyp, bu pudakda uly öňegidişlik gazanandygyny aýtdy. Geljek bäş ýylyň dowamynda senagat we aragatnaşyk tehnologiýalaryna has köp üns berjekdiklerini hem-de täzeçil tehnologiýalaryň üstünde işlejekdiklerini belledi. Kompaniýanyň aragatnaşyk infrastrukturasy bölümi 232,3 milliard ýuan (35,8 milliard dollar) ýyllyk girdeji alyp, bu ugurda ozalky ýyldakydan 21 göterimlik öňegidişlik gazanypdyr. Bu ösüşde geçirijisiz aragatnaşyk torlarynyň ýaýbaňlanmagynyň hem täsiriniň uludygy mälim edildi. Kompaniýanyň “Enterprise” bölümi 27,6 milliard (4,3 milliard dollar) ýyllyk girdeji getiripdir. Bu görkeziji öňki ýyldakydan 44 göterim ýokary bolupdyr. “Huawei Enterprise”, esasan hem, maliýe, gatnaw we energiýa pudaklarynda uly ösüş gazanypdyr.
“Huawei” maglumat tehnologiýasynda täze açyşlar etmek üçin ylmy-barlaglara has köp üns berdi. Kompaniýa diňe geçen ýylyň dowamynda ýyllyk girdejisiniň 15 göterimini (59,6 milliard ýuan) ylmy barlaglar üçin bölüp beripdir.