Golaýda “Apple” öziniň täze smartfonuny köpçülige görkezdi. Şu aýyň başyndan başlap dünýäniň köp ýurdunda müşderilere ýetirildi. Eýsem, smartfon satuwynda haýsy kompaniýa öňdeligi eýeleýär? Günorta Koreýanyň “Samsung” şereketiniň “Galaxy S7” smartfonynyň iň geçginli enjamlaryň biridigi mälim edildi. “Galaxy S7” we “S7 Edge” satuwa çykan gününden başlap, oňa isleg ýokary bolupdy. Ozalky modellerde öz müşderileriniň şikaýatlaryny göz öňünde tutup, has ýokary hilli enjam taýýarlan şereket onuň hözirini görýär. Koreý kompaniýasy garaşylandan has köp “S7” satypdyr. Bu smartfonlardan häzire çenli 10 millionynyň ýerlenendigi mälim edildi. Häzirki wagtda ýokary derejeli smartfon bazarynyň 22 göteriminiň “Samsung”-yň “G7” seriýasyna degişlidigi habar berildi. Bilermenler onuň 16 göterimden az bolmagyna garaşýardylar. Smartfon bazarynda 16 göterimlik paý bilen “Apple” we 7 göterimlik paý bilen “Huawei” öňdeligi eýeleýär.