Epläp bolýan elektron enjamlar barada häzire çenli dürli nusgalyk enjamlar tanyşdyrylan hem bolsa, entek onuň satuwa çykarylany ýok. Bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary dürli taslamalary durmuşa geçirýärler. “Samsung” kompaniýasy eplenýän ekranly smartfon çykarmagyň aladasyny edýär. Eýsem bu telefonlaryň nähili amatly taraplary barka?!. Bu smartfonlaryň ekrany adatça, 5 dýuým bolar. Emma ony 7 dýuýmlyk planşete öwürmek mümkin bolar. Ýagny enjamy bu aýratynlygy arkaly isleseň telefon, isleseň planşet hökmünde ulanmak bolar. Häzirki wagtda “Samsung”-yň durmuşa geçirýän “Project Valley” atly taslamalarynyň çäklerinde işlenip taýýarlanjak smartfonlarda öz amaly ulgamynyň deregine “Qualcomm”-yň “Snapdragon 620” we amaly ulgamy synagdan geçirilýär. Şeýle hem eplenýän ilkinji telefonyň RAM-ynyň 3 gigabaýt bolmagyna garaşylýar. Şeýle telefonlar ýylyň ahyrynda köpçülikleýin öndürilip başlanar we satuwa çykarylar.