Te­bi­gat­da­ky jan­ly-jan­dar­la­ryň her­si­niň öz ta­pa­wut­ly hä­si­ýe­ti bar. Gu­ry ýer­de we suw­da ýa­şa­ýan haý­wan­lar öz tiz­lik­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar­lar. Eý­sem iň ýyn­dam jan­dar haý­sy­ka?! Bu re­kord guş­la­ra de­giş­li­dir. Bür­gü­diň kä­bir gör­nü­şi­niň tiz­li­gi sa­gat­da 320 ki­lo­met­re ýe­tip bil­ýär. Olar ýo­kar­dan aşak­ly­gy­na öz aw­la­ry­na ta­rap uçan­la­ryn­da bu tiz­li­ge ýet­ýär­ler. Bu äpet guş­lar dün­ýä­niň äh­li ýe­rin­de di­ýen ýa­ly, esa­san, dag­lyk we to­kaý­lyk ýer­ler­de ýa­şa­ýar­lar. Olar beý­le­ki ýyr­ty­jy guş­lar­dan has uly we güýç­li bol­ýar­lar. Bür­güt­le­riň eg­ri çüňk­le­ri, güýç­li aýak­la­ry we pen­je­le­ri beý­le­ki ýyr­ty­jy guş­la­ryň­ka meň­ze­ýär. Ola­ryň be­den gur­lu­şy öz­le­rin­den agyr aw­la­ry­ny hem gö­ter­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Bür­güt­le­r gör­gür­li­gi bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Ýer­den bir­nä­çe metr be­ýik­lik­de ga­ýyp bar­ýar­ka, örän uzakdan ýer­dä­ki aw­la­ry­ny saýgaryp bil­ýär­ler.
Bu guşlar öz hö­würt­ge­si­ni be­ýik dag­la­ryň uçut­la­ryn­da, uzyn agaç­la­ryň de­pe­le­rin­de ýa­sa­ýar­lar. Olar ýu­murt­ga­la­ry­ny 6-8 hep­de ba­syr­ýar­lar. Ýu­murt­ga­dan çy­kan jüý­je­ler 3-4 ýyl­da uly bür­gü­de öw­rül­ýär­. Bür­güt ga­nat­la­ry­ny açan ma­ha­ly uzyn­ly­gy 1,5 met­re ýet­ýär. Bür­güt iň be­lent­den uçup bil­ýän guş ha­sap­lan­ýar. Bu jan­da­ryň dün­ýä­de otu­za go­laý gör­nü­şi bar. Ol öz awy­ny ga­ty uzak­dan gö­rüp, bat bi­len oňa ta­rap uç­ýar­ we ony özü­ne zy­ýan ýe­tir­me­jek de­re­je­de aw­la­ýar. My­sal üçin, ýy­lan tu­tan­la­ryn­da özü­ni çak­maz ýa­ly ga­ty ça­la­syn­lyk bi­len tut­ýar. Awy­ny alyp ýo­ka­ry uç­ýar we ony aşak­ly­gy­na taş­la­ýar. Soň­ra bol­sa, ony ge­ti­rip jüý­je­le­ri­ne ber­ýär. Bür­güt­le­riň aýak­la­ry­nyň ýe­le­gi bol­ma­ýar. Olar nä­çe uly hem bol­sa, ýe­lek­le­ri­niň ag­ra­my ýa­rym ki­logram­dan köp bol­ma­ýar. Bu guş­lar 70-100 ýyl ýa­şa­ýar­lar.
Olar öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li şol bir hö­würt­ge­de ýa­şa­ýar. Bürgütleriň reňk­i adat­ça, me­le ýa-da çal bol­ýar. Olar ki­çi­räk süý­dem­di­ri­ji­ler, süý­re­ni­ji­ler we beýleki guş­lar bi­len iý­mit­len­ýär­ler. De­ňiz ke­nar­la­ryn­da, ada­lar­da we beý­le­ki suw­ly ýer­ler­de ýa­şa­ýan gör­nüş­le­ri­niň aýak­la­ryn­da ýe­lek bol­ma­ýar we ti­ke­nek­li bol­ýar. Bu ýag­daý ola­ryň tu­tan ba­lyk­la­ry­nyň pen­je­sin­den sy­pyp gaç­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar. Azi­ýa­da we Af­ri­ka­da ýa­şaýan gör­nüş­le­ri ýy­lan­la­ry we beý­le­ki süý­re­ni­ji­ler bi­len iý­mit­len­ýär. Olar iň zä­her­li ýy­lan­la­ry hem ar­ka­ýyn tu­tup bil­ýär­ler. Bür­güt­leriň Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň tro­pik to­kaý­lyk­la­ryn­da ýa­şa­ýan görnüşleriniň ag­ra­my 6,5 ki­log­ra­ma çen­li bol­ýar.