Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň 17-nji few­ra­lyn­da ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da bo­lup ge­çen sy­ýa­sy wa­ka – Türk­me­nis­ta­nyň saý­la­nan Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we­zi­pe­si­ne res­mi taý­dan gi­riş­mek da­ba­ra­sy di­ňe bir ýur­du­my­zyň däl, bü­tin dün­ýä­niň sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da mö­hüm wa­ka öw­rül­di. Äh­li­halk saý­law­la­ry­nyň bar­şyn­da türk­men hal­ky ata-ba­ba­la­ry­myz­dan arkama-arka do­wam edip gel­ýän ag­zy­bi­rli­gi­ni we je­bis­li­gi­ni gör­ke­zip, döw­le­ti­mi­zi mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ýo­lun­da mö­hüm ädim ät­di.
Şol gün döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Oguz­han” köşk­ler top­lu­my­nyň “Oguz­han” za­lyn­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­na we iş­gär­le­ri­ne ýüz­le­nip çy­kyş edip, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni ös­dür­me­giň, har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när us­sat­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň hem-de Mil­li go­şu­ny­my­zyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­di.
Eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ta­ry­hy çy­ky­şy bü­tin ýur­du­myz üçin ýe­ne-de bir ta­ry­hy wa­ka bi­len sep­le­şip git­di. Ol – mil­li Li­de­ri­mi­ziň Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň dö­re­di­len çär­ýek asy­ryň do­wa­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ren ta­ry­hy iş­le­rini be­ýan ed­ýän “Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär” at­ly tä­ze ese­ri­ni Wa­tan go­rag­çy­la­ry­na da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şur­ma­gy bol­dy. Bu wa­ka Wa­tan go­rag­çy­la­ry bi­len bir­lik­de, äh­li ra­ýat­la­ry­myz­da çuň­ňur buý­sanç we ka­na­gat­lan­ma duý­gu­sy­ny oýar­dy.
Da­şy mil­li ly­bas­ly, ýa­rag en­jam­la­ry bi­len şaý­la­nan ýi­gi­diň da­na ýa­şu­ly­nyň ýa­nyn­da onuň pent­le­ri­ne uýup dur­şy, onuň ýa­nyn­da uzak­la­ra na­zar sa­lyp du­ran gyr be­de­wiň keş­bi bi­len be­ze­len ki­ta­by syn­la­nyň­da, ol egin­lek­den ber­daş­ly ýi­gi­diň sö­weş­jeň Wa­tan go­raýj­ydy­gy­na ba­da-bat göz ýe­tir­mek bol­ýar. Ol eser­deň ýi­gi­diň mu­kad­des Wa­ta­ny go­ra­ma­ga he­mi­şe sak du­ran­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň “Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär” at­ly ese­ri ta­ry­hy jä­het­den Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň dö­re­di­len çär­ýek asy­ry­nyň do­wa­myn­da amal edi­len iş­le­ri­niň be­ýa­ny­ny hal­ky­my­za ýe­tir­mek ýa­ly mö­hüm we wa­jyp mak­sat­la­ry­nyň mi­we­si­dir. Il­kin­ji sa­hy­pa­la­ryn­dan baş­lap, eser bu ugur­da çär­ýek asyr ge­çen döw­rüň do­wa­myn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri örän aý­dyň­lyk bi­len su­rat­lan­dyr­ýar. Tä­ze ki­ta­byň be­ýik buý­san­ja bes­le­nen her bir jüm­le­si, her bir se­ti­ri kalp­lar­da wa­tan­sö­ýü­ji­lik, er­ka­na ýur­du­my­za, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­ga, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­ga gu­wan­jy­ňy art­dy­ryp, ru­hu­ňa güýç goş­ýar.
Tä­ze ki­tap örän gym­mat­ly mag­lu­mat­la­ra eýe­di­gi bi­len ýur­du­my­zyň ýaş ne­sil­le­ri­ni be­ýik wa­tan­çy­lyk ru­hu­nda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolar. Ol ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň he­re­ket ed­ýän dü­züm­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge, ýo­ka­ry hü­när­li har­by iş­gär­le­ri taý­ýar­la­ma­ga tä­ze ba­dal­ga­la­ry berer. Ki­ta­byň bir­nä­çe bö­lüm­le­ri gaý­duw­syz at­ly es­ger­le­ri­mi­ze ba­gyş­la­nyp, on­da hal­ky­my­zyň we­pa­dar hem­ra­sy bo­lan be­hiş­di be­dew­le­riň sar­pa­sy­nyň be­lent­li­gi nyg­tal­ýar. Aja­ýyp be­dew­le­riň fo­to­su­rat­la­ry ese­riň gym­ma­ty­ny has-da art­dyr­ýar.
Aja­ýyp za­ma­na­myz­da Wa­tan kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak, döw­le­ti­mi­ziň yg­ty­bar­ly go­rag­ly­ly­gy­ny güýç­len­dir­mek, har­by gul­luk­çy­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak we­zi­pe­le­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik ala­da­la­ry bi­len gur­şal­dy. Bula­ryň ne­ti­je­sin­de “Har­by gul­luk­çy­la­ryň hem-de ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň sta­tu­sy we ola­ryň dur­muş taý­dan go­ra­ly­şy ha­kyn­da­ky” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­dan ge­lip çyk­ýan ýö­rel­ge­le­re esas­la­ny­lyp, har­by bi­rik­me­le­riň sö­weş­jeň we mo­bi­li­za­si­on taý­ýar­lyk de­re­je­le­ri, ýo­ka­ry sö­weş­jeň taý­ýar­ly­gy, har­by teh­ni­ka­la­ryň abat hem aýaw­ly sak­la­ny­lşy, tür­gen­le­şik okuw­la­ry­na be­ril­ýän üns gün-gün­den ýo­kar­lan­dyrylýar.
Äh­li ugur­la­ry ös­dür­mek üçin ru­hy baý­ly­gy – çe­per we do­ku­men­tal wa­ka­la­ry öz içi­ne al­ýan eser­le­ri halk köp­çü­li­gi­ne ýe­tir­mek dö­re­di­ji­lik äle­min­de eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň esa­sy ala­da­sy bol­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Ga­raş­syz­ly­ga gu­wan­mak, Wa­ta­ny, hal­ky söý­mek bagt­dyr”, “Ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap”, “Jan­ly ro­wa­ýat”, “Älem iç­re at ge­zer”, “Döw­let gu­şy”, “Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan” ýa­ly eser­le­ri mu­ny do­lu­ly­gy­na be­ýan ed­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne hö­dür­län “Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär” at­ly tä­ze ese­ri Wa­tan go­rag­çy­la­ry­na türk­men hal­ky­nyň gah­ry­man­çy­ly­ga bes­le­nen şöh­rat­ly däp­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­dir­mek­de ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­ly­ga eýe­dir!

Gur­ban­gel­di KU­LY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.