Hä­zir­ki wagt­da kä­mil ara­gat­na­şyk ul­ga­my bol­maz­dan, döw­re­bap ösüş­le­ri-de, eş­ret­li dur­mu­şy-da göz öňü­ne ge­tir­mek aň­sat däl. On­lar­ça ýyl mun­dan oza­lam uçar­lar, ýa bol­ma­sa, te­le­fon­lar uzak ara­ly­gy ýa­ky­na ge­tir­ýär diý­lip buý­sanç bi­len aý­dyl­ýar­dy. Eme­li hem­ra ar­ka­ly ara­gat­na­şy­gyň has kä­mil gör­nüş­le­ri­niň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi we ola­ryň işi­niň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy bi­len adam­za­dyň yk­ba­lyn­da tä­ze sa­hy­pa­lar açy­lyp baş­la­dy.
Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len türk­men eme­li ara­gat­na­şyk hem­ra­sy kos­mos gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­dy. Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zyň ara­gat­na­şyk pu­da­gy­na tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar we yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry­nyň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýan­dy­gy­na bü­tin dün­ýä şa­ýat bol­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk de­re­je­de öz­gert­mek bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, ul­ga­my ös­dür­me­giň tä­ze ugur­la­ry kes­git­le­nil­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň “Türk­menÄ­lem 520E” il­kin­ji mil­li eme­li hem­ra­sy­nyň älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­ma­gy bi­len ara­gat­na­şyk pu­da­gy­nyň işin­de düýp­li öňe gi­diş­lik­ler peý­da bol­dy. Şeý­le­lik­de, ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de tä­ze tor­lar çe­kil­ýär, has-da çet­de ýer­leş­ýän oba­la­ra, şä­her­çe­le­re ara­gat­na­şy­gyň kä­mil ul­ga­my­ny çek­mek iş­le­ri güýç­li dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, mag­lu­mat­lar eý­ýa­my­na ga­dam ba­san dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ösü­şi bi­len deň ga­dam ur­mak üçin ýur­du­my­zyň te­lea­ra­gat­na­şyk ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, şol san­da mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni, te­lea­ra­gat­na­şy­gyň ösen ul­ga­my­ny üp­jün et­mek ta­lap edil­ýär.
Türk­men eme­li hem­ra­sy­nyň kos­mo­sa çy­ka­ryl­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de di­ňe bir mö­hüm bag­la­nyş­dy­ry­jy hal­ka hök­mün­de has-da ös­me­gi­niň däl, eý­sem, Gün­do­gar bi­len Gün­ba­ta­ryň ara­syn­da mö­hüm mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk köp­rü­si hök­mün­de-de ös­me­gi­niň kes­git­leý­ji ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­ler. Şo­ňa gö­rä-de, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Mil­li kos­mos agent­li­gi­niň iş­gär­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň tu­tuş hem­ra ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň saz­la­şyk­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün ed­ýär­ler hem-de ýur­du­my­zyň kos­mos pu­da­gy­nyň öňün­de gel­jek­ki ösüş­ler üçin açyl­ýan tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri yzy­gi­der­li öz­leş­dir­ýär­ler.
Bu gün Türk­me­nis­tan­da kö­pu­gur­ly yk­dy­sa­dy­ýet ke­ma­la gel­ýär, se­na­gat di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ýar, öň­de­ba­ry­jy yl­my teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­la­nan tä­ze­den-tä­ze gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­lar hem-de tu­tuş pu­dak­lar dö­re­dil­ýär. Bi­lim we ylym ul­gam­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy hil taý­dan döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar, in­ter­net se­riş­de­le­rin­den peý­da­lan­ýan­la­ryň sa­ny art­ýar. Şu­lar bi­len bir­lik­de, halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da, içer­ki ul­gam­lar­da mag­lu­mat­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ni iber­me­giň möç­ber­le­ri hem yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar, umu­my te­lea­ra­gat­na­şyk dü­zü­mi­niň ge­çi­ri­ji­lik uky­by­ny gi­ňelt­me­giň, ara­gat­na­şy­gyň ýe­rüs­ti se­riş­de­le­ri bi­len bir­leş­di­ril­me­dik, biri-bi­rin­den uzak ara­lyk­da, ýer­ler­de ýer­le­şen­le­riň ara­syn­da mag­lu­mat­la­ry tiz, ýo­ka­ry hil­li iber­me­giň ze­rur­ly­gy art­ýar. Şol ze­rur­lyk bol­sa, Türk­me­nis­ta­nyň ikin­ji hem­ra­ny uçur­ma­gy me­ýil­leş­dir­me­gi­ne ge­tir­di. Onuň iş­le­me­gi döw­le­ti se­na­gat we yl­my-teh­no­lo­gi­ýa taý­dan ös­dür­mä­ge ýar­dam be­rer.
Mil­li te­lea­ra­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň has-da kä­mil­leş­di­ril­me­gi hem-de onuň ýe­ke-täk mag­lu­mat gi­ňiş­li­gi­ne ýa­kyn­laş­ma­gy mag­lu­mat­la­ry iber­mek üçin iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, ara­gat­na­şy­gyň gi­ňiş­le­ýin hem-de mul­ti­me­di­ýa hyz­mat­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga, ýur­duň üs­ta­şyr te­lea­ra­gat­na­şyk kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga, De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta, Gün­do­gar-Gün­ba­tar ugur­lar­da uly mag­lu­mat akym­la­ry­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra çat­ryk hök­mün­de ke­ma­la gel­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.
Paý­tag­ty­my­zyň Ru­hy­ýet köş­gün­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň saý­la­nan Pre­zi­den­ti­niň ka­sam ka­bul ediş we we­zi­pe­si­ne gi­riş­mek da­ba­ra­syn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da­ky gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­ler ba­ra­da aý­dyp, älem gi­ňiş­li­gi­ni öz­leş­dir­mek, tä­ze eme­li hem­ra­la­ry älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­kar­mak bo­ýun­ça iş­le­riň do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy. Bu bol­sa, ara­gat­na­şyk we te­le­-ra­dio ul­gam­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge, halk ho­ja­ly­gy­nyň ze­rur­lyk­la­ry üçin iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge ýar­dam be­rer.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, älem gi­ňiş­li­gi­ni öw­ren­mek üçin ýur­du­myz­da dün­ýä de­re­je­li ob­ser­wa­to­ri­ýa­lar mer­ke­zi­ni dö­ret­me­giň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi hem be­gen­dir­ýär. Bu aý­dy­lan­lar mil­li Li­de­ri­mi­ziň ata Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­niň dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri bi­len aýak­daş git­me­gi­ni ga­zan­mak üçin döw­let­li baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Ro­zy­gel­di Hal­ly­ýew,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.