Su­wuň reňk­siz­di­gi­ni hem­mä­miz okandyrys ýa-da eşi­dendiris. Bi­ler­men­ler su­wuň hem reň­ki­niň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Su­wuň diý­seň so­lak gök reň­ki­niň bar­dy­gy aý­dyl­ýar. Daş-tö­we­re­gi­mi­ze syn ed­ýän bol­sak, akar suw­la­ryň kö­pü­si me­le reň­ke ýa­kyn bol­ýan­dy­gy­ny gö­ren­di­ris. Se­bä­bi onuň dü­zü­min­dä­ki gyr­man­ça­lar su­wuň şeý­le reňk­de bol­ma­gy­na tä­sir ed­ýär. De­ňiz su­wy bol­sa, gök bol­ýar. Onuň hem se­bä­bi suw as­ma­nyň reň­ki­ni yzy­na ser­pik­dir­megi bilen baglydyr. Şeý­le­lik­de, ol bi­ze ma­wy bo­lup gö­rün­ýär. Em­ma aşa­gy ak reňk­li uly göw­rüm­li ýa­pyk ho­w­za syn ede­ni­miz­de hem onuň do­lu­ly­gy­na düýbi gör­nüp du­ran däl-de, so­lak hem bol­sa gök reňk­li­di­gi­ni gör­ýä­ris. Şeý­le hem bu­zuň içi­ne se­re­di­len­de hem gök reňk­iň bar­dy­gy­ny gör­ýä­ris. Bu­la­ryň hiç bi­rin­de hem as­ma­nyň reň­ki­niň tä­si­ri ýok.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, de­ňiz su­wu­nyň reň­ki­nde di­ňe as­ma­nyň reň­ki däl, eý­sem suw­da ýa­şa­ýan örän ki­çi jan­dar­la­ryň we ot­la­ryň hem tä­si­ri bar. Der­ýa­dyr ki­çi­räk köl­ler­de bol­sa, suw köp­lenç ýag­daý­da bu­lan­çak bol­ýar. Bu­la­nyk suw şöh­lä­ni has köp yza ser­pik­dir­ýär. Şol se­bäp­li onuň içi­ni gö­rüp bol­ma­ýar.