Paýtagty: Abu-Dabi.
Döwlet dili: Arap dili.
Ilat sany: 9,58 million.
Pul birligi: Dirhem. Onuň iň kiçi pul birligi fils.
1 dirhem 100 filse deňdir.
Eksport edýän harytlary: Nebit, tebigy gaz, alýumin, kakadylan balyk we hurma.
Hereket edýän ilçihanalar: Abu-Dabide 106 döwletiň ilçihanasy, Dubaýda bolsa, 55 ýurduň konsolluk edarasy hereket edýär.
Tutýan meýdany: 77,700 inedördül kilometre barabar (kiçi adalaryny goşanyňda, 83,600 inedördül kilometr).
Serhetleşýän çäkleri: günorta-günbatarynda Saud Arabys­tany, gündogarynda Oman bilen goňşy bolup, ýurduň köp bölegini çöller tutýar.
Ne­bit we gaz ön­dür­mek­de dün­ýä­de 7-nji orun­da dur­ýar. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň esa­sy baý­ly­gy bo­lan ne­bit ýa­tak­la­ry­nyň köp bö­le­gi Abu-Da­bi Emir­li­gin­de ýer­leş­ýär. BAE gün­ba­tar döw­let­le­ri bi­len söw­da hem-de jem­gy­ýet gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ös­dür­ýär. De­ňiz hem-de ho­wa ýol­la­ry ar­ka­ly üs­ta­şyr ýük gat­naw­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar.