Gök kit haýwanlaryň içinde iň belent ses çykarýan süýdemdirijidir. Ol 150 we 188 desibel (dB) aralygynda ses çykaryp bilýär. Desibel (dB) sesiň güýjüni ölçemek üçin ulanylýan ölçeg birligi.
Atlar we sygyrlar dik duran ýerlerinde uklap bilýärler.
Akula kiti balyklaryň iň uly görnüşidir. Uzynlygy 18 metre, agramy, 12 tonna çenli ýetýär.
Gunduzlar el-ele tutuşyp uklaýarlar. Bu bolsa, suw akymynyň olary biri-birinden aýyrmazlygyna ýardam edýär.
Akulalaryň skleti süňkden däl-de, kekirdewükden ybaratdyr.
Ary we çybyn ýaly mör-möjekleriň çykarýan sesleri olaryň ganatlaryny tiz hereketlendirmekleri netijesinde emele gelýär.