Bir bar eken, bir ýok eken. Bir Böwenjik, bir Dalajyk, bir Böwrejik bar eken. Bularyň üçüsi dost bolup, bir ýana gezmäge gidipdir. Barýarkalar olaryň ýollaryndan bir suwly ýap çykypdyr. Bular bu ýapdan böküşmeşek we bökmekde yza galany iýmeşek edýär-ler. Öňürti Böwenjik bökýär, pök edip, honda düşýär. Yzyndan Dalajyk bökýär. Onuň aýagy suwa degýär. Böwrejik bolsa böküp, jülp edip, suwa gaçýar. Böwenjik bularyň ikisini hem lak–luk atyp gidiberýär.
Gidip barýarka onuň öňünden bir garga çykýar. Böwenjik oňa:
–Gargajyk, gargajyk, seni iýäýeýinmi?–diýýär welin, garga:
–Sen meni iýjek bolsaň, çüňküm bilen gar–nyňy ýararyn!–diýýär. Onda Böwenjik:
– Tak-tak etdim, Dalak iýdim.
Pök-pök etdim, Böwrek iýdim.
Seni iýmän nämejik!–diýip, ony hem lak–luk atyp gidiberipdir.
Barýarka onuň öňünden eşeklije garryja baba çykypdyr. Böwenjik oňa hem:
–Eşeklije baba, seni iýäýeýinmi?–diýýär welin, babajyk:
–Iýjek bolsaň, eşek taýagym bilen uraryn–da, garnyňy ýararyn!–diýýär. Onda Böwenjik:
–Tak-tak etdim, Dalak iýdim.
Pök-pök etdim, Böwrek iýdim.
Gagyldap oturan gargany iýdim.
Seni iýmän nämejik!–diýýär-de, ony hem lak-luk atyp gidiberýär.
Böwenjik ýene gaýşaryp gidiberipdir. Onuň öňünden torumlyja Maýa çykypdyr. Böwenjik oňa garap:
–Maýajyk, Maýajyk, seni iýäýeýinmi?–diýipdir. Onda Maýajyk:
–Sen meni iýjek bolsaň, dabanym bilen garnyňdan basyp ýaraýaryn!–diýipdir.
Böwenjik ýene kikir–kikir gülüp:
–Tak-tak etdim, Dalak iýdim.
Pök–pök etdim, Böwrek iýdim.
Gagyldap oturan gargany iýdim.
Eşeklije babany iýdim.
Seni iýmän nämejik!–diýýär-de, Maýany lak–luk atypdyr.
Ýene barýarka, onuň öňünden aşyk oýnap ýören oglanlar çykýar. Böwenjik olara:
–Oglanjyklar, oglanjyklar, sizi iýäýeýinmi? –diýýär,
Oglanlar bolsa:
–Eger sen bizi iýjek bolsaň, kenegimiz bilen urarys-da, garnyňy ýararys!–diýýärler. Böwenjik olara hem:
–Tak–tak etdim, Dalak iýdim.
Pök-pök etdim, Böwrek iýdim.
Gagyldap oturan gargany iýdim.
Eşeklije babany iýdim,
Torumlyja Maýany iýdim.
Sizi iýmän nämejik!–diýip, bulary hem lak–luk atyp gidiberýär.
Ýene gidip barýarka, öňünden suwa barýan birtopar gyz duş gelýär. Böwenjik:
–Gyzlar, gyzlar, sizi iýäýeýinmi?–diýýär. Onda olar:
–Eger sen bizi iýjek bolsaň, küýzämiz bilen urup, garnyňy ýararys!–diýýärler. Böwenjik:
–Tak–tak etdim, Dalak iýdim.
Pök-pök etdim, Böwrek iýdim.
Gagyldap oturan gargany iýdim.
Eşeklije babany iýdim.
Torumlyja Maýany iýdim.
On oglany orup iýdim.
Sizi iýmän nämejik! – diýip, bulary hem lak-luk atyp gidiberýär.
Ýene gidip barýarka, öňünden bir kerwen çykýar. Böwenjik olara hem:
–Sizi iýäýeýinmi?–diýýär. Olar:
–Eger sen bizi iýjek bolsaň, urup öldüräýeris!–diýýärler, Böwenjik olara hem:
–Tak-tak etdim, Dalak iýdim.
Pök-pök etdim, Böwrek iýdim.
Gagyldap oturan gargany iýdim.
Eşeklije babany iýdim.
Torumlyja Maýany iýdim.
On oglany orup iýdim.
Kyrk gyzy gyryp iýdim.
Sizi iýmän nämejik!–diýip, olary hem lak-luk atyp gidiberýär.
Ol gidip barýarka, bir garryja mamanyň çatmasynyň üstünden barýar. Garryja mama oňa:
–Wah, wah–eý, oglum, gaýsar bolupsyň, sen ýatyp dynjyňy al, men saňa bir ýaglyja kömeç bişirip bereýin!–diýipdir. Böwenjik ýatýar. Garryja mama bolsa, gazawasyny otda gyzdyryp, ýagşy gyzaransoň, Böwenjigiň garnyna basýar.
Böwenjik “tark” edip, ýarylýar welin, Böwenjigiň ýuwudan adamlarynyň hemmesi çykypdyrlar.
Olar begenişip:
–Sag bol, garry ene, sag bol, garry ene!–diýşip, çykyp gidiberýärler.
Şeýdip, garry mama bütin janly–jandary açgöz Böwenjikden dyndaryp, arkaýynja ýaşaberipdir.