2014-nji ýylda “Surrey NanoSystem” şereketi dünýäniň iň gara materialyny işläp taýýarlandygyny mälim edipdi. “Vantablack” atly bu material yşygy yzyna juda az serpikdirýärdi. Golaýda şereket ozalkysyndan hem gara materialy oýlap tapandygyny aýan etdi we öz rekordyny täzeledi. “Vantablack 2” atly bu material hakyky gara reňkden hem goýy hasaplanýar. Tanyşdyrylyş wideosynda onuň ýüzüne has güýçli lazer şöhlesi tutulýar. Material yşygy tutuşlygyna özüne çekýär. Ilkinji “Vantablack” şöhläniň 99,96 göterimini özüne siňdirýärdi. Täze material ondan hem gara bolup, ol kosmos bilen bagly ylmy işlerde peýdalanylar.