Şweý­sa­ri­ýa­da “Mercedes”-iň “SLR Mcla­ren Stir­ling Moss” mo­de­li 2,6 mil­li­on ýew­ro sa­tyl­dy. Şeý­le­lik­de, aw­tou­lag hä­zi­re çen­li iň gym­mat ba­ha­dan sa­ty­lan “Mercedes” bol­dy. “Mercedes Benz SLR McLa­ren”-iň önüm­çi­li­gi 2003 – 2009-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­dy. “SLR Stir­ling Moss” hem 2009-njy ýyl­da ön­dü­ri­lip­di. On­dan ba­ry-ýo­gy 75 sa­ny­sy ön­dü­ri­lip­dir. Üs­ti açyk bu sport ula­gy­na ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len iň­lis pi­lo­ty, 1950-nji ýyl­lar­da “Mercedes-Benz SLR” ýa­ryş ula­gy bi­len bir­nä­çe ýe­ňiş ga­za­nan Stir­ling Mos­suň ady ber­lip­dir. Kuw­wa­ty 650 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lan ula­gyň he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň göw­rü­mi 5,0 lit­re ba­ra­bar bo­lup, 100 km/s tiz­li­ge 3,5 se­kunt­da ýet­ýär.