Merkezi Moskwada ýerleşýän “Hoversurf” atly şereket “Scorpion-3” (S-3) atly dünýäniň ilkinji “hoverbike”-yny (uçýan welosiped) öndürdi. Ilkinji nobatda, dört pyrlampaçly dron hökmünde işlenip düzülen ulagy, soňlugy bilen, uçýan welosipede öwrüpdirler. Täze ulagyň üstünlikli tamamlanan ilkinji synag uçuşy ýapyk meýdanda geçirildi. “Scorpion-3” elektrik energiýasyndan we gibrid batareýadan peýdalanýar. Sagatdaky tizligi 50 kilometre barabar bolan welosiped 27 minutlap, howada hereket edip bilýär. Bir orunlyk ulagyň bahasynyň 150 müň dollar bolmagyna garaşylýar.