“Toyota”-nyň köpçülikleýin önümçiligini 1997-nji ýylda ýola goýan gibrid ulaglarynyň sany 10 milliondan geçdi. Geçen ýylyň aprelinde olaryň sanynyň 9 milliondan geçendigi mälim edilipdi. Ortaça her ýylda 500 müňi satylýan ulagdan soňky ýylda has köp satylandygy olara islegiň has-da ýokarlanandygyny görkezýär. Kompaniýa gibrid tehnologiýasyny ýakyn we orta geljekde daşky gurşawy goramakda hem-de ýangyjy tygşytlamakda esasy çözgüt hökmünde öňe sürýär. Şol sebäpli 2020-nji ýyla çenli ähli modelleriniň gibrid nusgasynyň bolmagy üçin alada edýär. Ýapon brendi awtoulag senagatynda daşky gurşawa zyýansyz we ýangyjy has netijeli peýdalanýan ulaglary öndürmek bilen howanyň global hapalanmagynyň öňüni almaga ýardam edip başlady. Kompaniýanyň häzire çenli öndüren gibrid ulaglary 77 million tonna kömürturşy gazynyň howa goýberilmeginiň öňüni aldy. Şeýle hem 29 million litre barabar ýangyjyň sarp edilmeginiň öňi alyndy.
“Toyota” 2015-nji ýylda taýýarlan 2050-nji ýyla çenli amala aşyrjak taslamasyny tanyşdyrdy. Şol ýyla çenli ähli ulaglaryň tebigata zyýanyny dolulygyna aradan aýyrmak isleýär. Gibrid tehnologiýasy bolsa, elektrik energiýasy we batareýa bilen işleýän ulaglaryny kämilleşdirmekde ähli infrastrukturanyň döremegine ýardam edýär.