Häzirki wagtda peýdalanylýan gatnaw serişdeleriniň köpüsi benzin, dizel ýa-da gysylan tebigy gaz bilen işleýär. Muňa garamazdan, elektroulaglar gatnaw serişdeleriniň 1 göterimini emele getirýär. Ilkinji elektrokarlar geçen asyryň başlarynda çykarylan hem bolsa, olaryň ýaýrap başlanyna entek 20 ýyl töweregi wagt geçdi. Diňe maşynlar däl, soňky wagtlarda awtobuslaryň hem elektrik energiýasy bilen işleýän ýa-da gibrid görnüşleri bar. Elektrokarlary öndürýän “Proterra” kompaniýasynyň önümçiligi ýylsaýyn artýar. Ol ulagyň bu görnüşiniň dizel hereketlendirijili we tebigy gaz bilen işleýän ulaglardan arzandygy aýdylýar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Rýan Poppl elektrik energiýasy bilen işleýän awtobuslaryň öňümizdäki on ýylda gatnaw pudagynda has agdyklyk etjekdigini aýdýar. Amerikan brendi 2025-nji ýyla çenli täze awtobuslaryň köpüsiniň elektrik energiýasy bilen işlejekdigini, 2030-njy ýylda gatnaw hyzmatyny amala aşyrýan kärhanalaryň diňe elektrobus satyn aljakdygyny aýdýar. “Proterra” häzire çenli şeýle awtobuslardan o diýen köp öndürmedi. Emma kompaniýa ýakyn geljekde olaryň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Şol maksat bilen hem golaýda olaryň önümçilik kärhanasynyň kuwwaty ýokarlandyryldy.