“Apple” kompaniýasynyň “iPhone” enjamy smartfonlaryň ýaýramagyna uly goşant goşdy. Indi olaryň çykarylyp başlananyna 10 ýyl dolýar. Şol mynasybetli kompaniýanyň “iPhone 8”-iň deregine “iTen” atly enjamy tanyşdyrjakdygy aýdylýar. “iPhone” enjamlary çykmazdan ozal, smartfonlary ulanmak üçin ýörite galamlar bardy. “Apple” gönüden-göni barmagymyzy “tanaýan” sensor ekranly smartfonlary çykarmagy bilen, düýbünden täzeçe çözgüt hödürledi. Beýleki tehnologiýa kompaniýalary hem onuň yzyna eýerdiler. Sensor ekranlar smartfonlaryň garaşylyşyndan has çalt ýaýramagyna şert döretdi. Aslynda, ilkinji “akylly” telefon 1994-nji ýylda IBM tarapyndan döredilipdi. Ýöne “Simon” atly bu enjam hemmeler üçin elýeterli däldi. Iki ýyl soňra “Nokia 9000 Communicator” müşderilere ýetirildi. Olaryň ikisi hem ulanmagy örän çylşyrymly hasaplanýardy. Şol sebäpli olara isleg ýokary bolmady.
2007-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda “Apple” özüniň tanyşdyrylyş dabarasy “Mac World” çäresinde ilkinji “iPhone” enjamyny görkezdi. Ol klawiaturasynyň we galamynyň ýoklugy bilen tapawutlanypdy. Galamsyz smartfonlar ulanyjylaryň diýseň göwnüne ýarady. Soňlugy bilen, beýleki kompaniýalar hem galamsyz sensorly ekranlary satuwa çykaryp başladylar. Häzirki wagtda dünýäde 2 milliard adam smartfon ulanýar.