Hin­dis­ta­nyň kos­mos bar­lag­la­ry gu­ra­ma­sy (IS­RO) bir ge­zek­ki uçuş­da 104 eme­li hem­ra­ny kos­mo­sa ug­rat­dy. Şeý­le­lik­de, ýurt­da bir gün­de 37 eme­li hem­ra uçu­ran Rus­si­ýa­nyň re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Sa­gat­da 27 müň 358 km tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýän “Po­lar Sa­tel­li­te La­unch Vehicle” (PSLV) at­ly ra­ke­ta her bir eme­li hem­ra­ny bir­nä­çe se­kunt ta­pa­wut bi­len or­bi­ta goý­ber­di. Bu diý­seň çyl­şy­rym­ly iş bo­lup, eme­li hem­ra­la­ryň ra­ke­ta­dan aý­ryl­ma­gy örän az wagt­lyk ir ýa-da giç ama­la aşy­ryl­sa, ola­ryň bir-bir­le­ri bi­len çak­nyş­ma­gy müm­kin. Us­sat hü­när­men­ler onuň wag­ty­ny saz­lap, äh­li hem­ra­la­ryň bel­le­nen or­bi­ta­sy­na goý­be­ril­me­gi­niň höt­de­sin­den gel­di­ler. Uçu­ry­lan hem­ra­la­ryň 88 sa­ny­sy “Pla­net Labs” la­bo­ra­to­ri­ýa­sy­na de­giş­li bo­lup, 4,5 ki­log­ram­lyk en­jam­lar­dyr. IS­RO-nyň ýol­baş­çy­sy Ki­ran Ku­mar 104 eme­li hem­ra­ny uçur­mak üçin edi­len çyk­da­jy­nyň ýa­ry­sy­ny “Pla­net Labs” ýa­ly gu­ra­ma­la­ryň öz üs­tü­ne alan­dy­gy­ny aýt­dy.
IS­RO kos­mo­sa eme­li hem­ra uçur­ma­gy örän ar­zan ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­ýär. Şol se­bäp­li dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ryn­dan hem okuw mek­dep­le­ri we beý­le­ki ylym-bi­lim mer­kez­le­ri eme­li hem­ra uçur­mak üçin IS­RO-a ýüz tut­ýar. Ýur­duň kos­mos eda­ra­sy 2014-nji ýyl­da Mar­sa eme­li hem­ra uçu­ryp, onuň üçin ba­ry-ýo­gy 74 mil­li­on dol­lar sarp edip­di. Şol ýyl NA­SA-nyň Gy­zyl pla­ne­ta uçu­ran en­ja­my 671 mil­li­on dol­la­ra dü­şüp­di.