Amal­la­ry iň gys­ga wagt­da ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de re­kord go­ýan komp­ýu­ter bo­lan “Sun­way Tai­hu­Light” hy­taý­ly hü­när­men­ler ta­ra­pyn­dan dö­re­di­lip­di. Hy­taý öz re­kor­dy­ny tä­ze­le­mä­ge gi­riş­di. In­di­ki gu­rul­jak su­per­komp­ýu­ter hä­zir­ki­den 10 es­se tiz­li­ge eýe bo­lar. “Chi­na Dai­ly” ne­şi­ri­niň ha­ba­ry­na gö­rä, Týans­zin şä­he­rin­dä­ki Mil­li su­per­komp­ýu­ter mer­ke­zin­de ön­dü­ri­lip baş­la­nan “Tienhi-3” at­ly en­jam se­kunt­da 1 ken­til­li­on ama­ly ýe­ri­ne ýe­ti­rip bi­ler. Tas­la­ma­nyň ýol­baş­çy­sy Ming Şiang­feý onuň nus­ga­lyk gör­nü­şi­niň gel­jek ýy­lyň ba­şyn­da ta­mam­lan­jak­dy­gy­ny aýd­ýar. “Tienhi-3”-iň mik­rop­ro­ses­sor­la­ry hem-de ama­ly ul­ga­my tu­tuş­ly­gy­na hy­taý­ly hü­när­men­ler ta­ra­pyn­dan dö­re­di­ler. Onuň 2020-nji ýyl­dan ozal, do­lu­ly­gy­na işe gi­ri­zil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Yl­my bar­lag­la­ra uly go­şant goş­jak bu komp­ýu­ter geo­lo­gi­ýa bar­lag­la­ry­ny ge­çir­mek­de we ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da ama­la aşy­ryl­jak iş­ler­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar.
Hä­zir­ki wagt­da re­kor­dy öz elin­de sak­la­ýan “Sun­way-Tai­hu­Light” ge­çen ýy­lyň iýu­nyn­da “ýyn­dam” su­per­komp­ýu­ter­le­riň sa­na­wyn­da se­kunt­da 125 436 pe­taf­lop ama­ly ýe­ri­ne ýe­ti­rip, bi­rin­ji bo­lup­dy. Ol al­ty ge­zek bi­rin­ji saý­la­nan “Tienhi-2” su­per­komp­ýu­te­rin­den oz­du­ryp­dy.