17 ýurdy internet arkaly baglanyşdyrýan “SEA-ME-WE 5” taslamasy tamamlandy. Bu taslamany 19 aragatnaşyk kärhanasy bilelikde amala aşyrdy. Ol Günorta-gündogar Aziýa döwletlerinden başlap, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň golaýyndan geçip, Ýewropa baryp ýetýär. Geçirijiniň umumy uzynlygy 20 müň kilometre barabar. Onuň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden taslamanyň ýolbaşçysy Linette Li ony 17 ýurduň kompaniýalary bilen bilelikde döredendiklerini aýtdy. Şeýle hem ol bu iri taslamanyň söwda we ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge giň mümkinçilik berjekdigini nygtady.
Dabarada bellenilişine görä, “SEA-ME-WE 5”-iň maglumat geçirijilik kuwwaty 24 Tb/ps. Ol aragatnaşygyň dürli görnüşlerini geçirmäge ukyply bolup, Günbatar Ýewropa bilen Gündogar Aziýanyň arasyndaky ilkinji optik süýümli geçirijidir. Onuň tehnologik aýratynlyklary sesi ýokary hilli we maglumatlary gysga wagtda geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu taslama geçen ýylyň noýabrynda Parižde geçirilen “Global Carrier Awards” baýragyna mynasyp bolupdy.