Ýaponiýada geçirilýän VIII gyşky Aziýa oýunlarynda türkmen hokkeýçileri taryhy başarnyk görkezdiler. Bäsleşigiň çäklerinde “B” diwiziýada “B” toparçada çykyş edýän ildeşlerimiz 3 duşuşygynda-da ýeňiş gazanyp, finala çykmagyň hötdesinden geldiler. Baýram Allaýarowyň tälim berýän türgenleri ilki Malaýziýanyň ýygyndy toparyndan 9–2 hasabynda üstün çykdy. Bu duşuşykda ýurdumyzyň “Oguzhan” toparynyň ezber oýunçysy, 18 ýaşly hüjümçi Baýmyrat Baýmyradow 4 gezek tapawutlanyp, ýygyndymyzyň uly hasap bilen ýeňmegine saldamly goşant goşdy. Bu oýunda Ezizmuhammet Akmuhammedow 3, Ahmet Gurbanow 2 gol geçirdi. Ildeşlerimiz 2-nji duşuşygynda-da Makaonyň ýygyndysyny 16–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. 1-nji we 3-nji döwlerde 6, 2-nji döwde-de 4 top geçiren milli ýygyndymyz ynamly ýeňiş gazandy. Türkmen hokkeýçileri 3-nji duşuşygynda Indoneziýanyň milli topary bilen güýç synanyşdylar. Bu oýun hem türkmen hokkeýçileri üçin taryhy duşuşyk boldy. 1–2-nji döwlerde 5 goldan geçiren ildeşlerimiz 3-nji döwde-de 2 goly öz atlaryna ýazdyryp, 12–2 hasabynda ýeňiş gazandylar. Umumylykda 9 utuk toplan Türkmenistanyň ýygyndysy finala çykmagy başardy. Ildeşlerimiz 3 duşuşykda 34 gol geçirip, toruna-da bary-ýogy 4 gol goýberdiler. Türkmen hokkeýçileri 26-njy fewralda boljak finalda “A” toparçanyň ýeňijisi Gyrgyz Respublikasynyň hokkeýçileri bilen güýç synanyşar. Duşuşyk ýerli wagt bilen 12:30-da başlanar. Bu arzyly oýunda türkmen hokkeýçilerine uly üstünlik arzuw edýäris.