Türkmen halysy halkymyzyň gadymy senetleriniň biridir. Haly ençeme asyrlaryň dowamynda merdana halkymyzyň ruhunyň hem-de maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Türkmen halysynyň nepisligine, gadymy sungatdygyna geçen asyrlaryň dowamynda gözel ýurdumyza syýahata gelen Gündogar, rus we Ýewropa alymlaram göz ýetiripdirler. Geçen asyryň başlarynda Altaý ülkesiniň pazyryk gowagyndan tapylan, soňky ýyllarda dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen sungat sergilerinde görkezilen meşhur Pazyryk halysy türkmen halysynyň iňňän gadymylygyndan habar berýär. Bu halydaky täsin türkmen gölleri, ýükli kerweniň täsin şekilleri baryp-ha şol mahallaram türkmen gelin-gyzlarynyň bu sungatdan iňňän oňat baş çykarandygyna anyk şaýatlyk edýär.
Arkadag Prezidentimiziň “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp kitabynyň türkmen hem-de dünýä okyjylaryna ýetirilmegi şanly wakalaryň biri boldy. Bu çuň mazmunly ylmy-çeper kitap haly sungatynyň nepisligini, taryhyny öwrenmekde naýbaşy eserdir.
Gyz-gelinlerimiziň ajaýyp arzuwlary, mähri, söýgüsi, yhlasy siňen nepis halylarymyzyň şan-şöhraty bu gün äleme dolýar. Soňky ýyllarda türkmeniň gadymy senetleriniň aýawly saklanylmagy, zenanlaryň el işleri üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Köp asyrlaryň dowamynda şöhrat gazanan türkmen halylaryna, milli gymmatlyklarymyza aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde halyçylyk sungatynyň asylly däpleriniň ösdürilmegine, dürli taryhy döwürlerde halynyň döreýşiniň ylmy taýdan öwrenilmegine, halyçylyk sungatynyň ýaşlara öwredilmegine aýratyn üns berýär. Her ýylyň maýynda ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy uly şowhun-şagalaň bilen giňden bellenilip geçilýär. Baýramçylyga gabatlanylyp, pudaklaýyn Halkara sergi hem-de türkmen el halylaryna gadyr goýýanlaryň Bütindünýä Assosiasiýasynyň maslahaty geçirilýär.
Türkmen el haly we haly önümlerini öndürmekde, halyny dokamagyň usullaryny ulanmakda, gadymy haly nagyşlaryny we şu ugra degişli irki önümleri gaýtadan dikeltmekde “Türkmenhaly” döwlet birleşigi hem uly işler alyp barýar. Birleşigiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň 10-sy degişli bolup, bular Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän 100-den gowrak halyçylyk bölümlerini we sehleri özünde jemleýär. Bu çeper halyçylyk kärhanalarynda 5 müňden gowrak halyçy zenanlar işleýär. 2016-njy ýylda “Türkmenhalynyň” kärhanalary tarapyndan haly we haly önümleriniň 43 müňden gowrak inedördül metri öndürildi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň fewral aýynyň 24-inde geçirilen maslahatynda ýurdumyzyň dokma senagatynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, hususan-da gözbaşy asyrlara uzap gidýän halyçylygy ösdürmek üçin has amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen, bu pudagy hususylaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, könelişen dokma önümçiliklerini döwrebap ýagdaýa getirmek we olaryň durkuny düýpli täzelemek üçin gyssagly tertipde ähli zerur çäreleri görmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Halyçylyk kärhanalarynyň hususylaşdyrylmagy pudagyň ösdürilmegine täze itergi berer. Häzirki wagta Aşgabat şäheriniň Abadan etrabyndaky haly önümlerini öndürýän “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti muňa aýdyň mysaldyr.
Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda möhüm orun eýeleýän senagat kärhanasy bir ýyl mundan ozal, Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylypdy.
Bu iri maýa goýum taslamasy köpugurly toplum bolmak bilen, özünde birnäçe önümçilik desgalaryny birleşdirýär. Onda ýerli çig maldan taýýarlanýan ýüplükleri ulanmak arkaly ýokary hilli, dürli görnüşli we dürli ölçegdäki, şeýle hem eksport ugruna niýetlenen haly we haly önümleri taýýarlanylýar.
Toplumyň üç sany önümçilik desgasy bolup, olar çig maldan ýüplük taýýarlaýan, haly dokaýan we önümleri taýýar görnüşe getirýän bölümlerden ybaratdyr. Haly önümçiligi üçin ýurdumyzda öndürilen polipropilenden edilen ýüplükler we akril sapaklar ulanylyp, önümiň düşýän gymmaty ep-esli peseldilýär. Bu bolsa, halylaryň ilat üçin elýeterli bolmagyny şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna goldaw bermek baradaky asylly syýasatynyň durmuşa geçirilmegi hususy işewürligiň ösdürilmegi, ýokary hilli we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan hem-de ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän we eksporta niýetlenen täzeçil usuldaky gaýtadan işleýän pudagyň kämilleşdirilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Türkmen telekeçileri milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk, gurluşyk serişdeleri senagaty, himiýa, dokma, mebel önümçiligi, oba hojalyk toplumy we balyk hojalygy ýaly ugurlarda has-da işjeňlik görkezýärler.
On barmagyndan dür dökülýän gyz-gelinlerimiziň işleýän halyçylyk pudagynyň hususylaşdyrylmagy netijesinde, bu ulgam täze ösüşlere beslener we ýokary hilli türkmen halylarynyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrar.
Dünýä derejesindäki şeýle ägirt uly işleriň sakasynda durýan Arkadag Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il bähbitli işlerinde belent rowaçlyklary arzuw edýäris!
Enegül Garryýewa,
Gubadag etrabynyň 40-njy orta
mekdebiniň mugallymy.