Berkarar döwletimiz gün-günden ösýär, özgerýär, täze belentlikleriň aýdyň menzilleri bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny, ýurduň şu günki we geljekki ösüş ýoluny kesgitleýän anyk maksatnamalary öňe sürýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň üstümizdäki ýylyň 24-nji fewralynda bolup geçen mejlisinde hökümetiň täze düzümini tassyklady we ata Watanymyzy senagat taýdan ösen, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek maksady bilen, öňde duran geljekki wezipeleri kesgitledi. Bu wezipeler Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda öňde durýan örän jogapkärli we belent tapgyry öz içine alýar, innowasion ösüşe, ylmyň iň täze gazananlaryna esaslanýan giň gerimli işleriň ugurlaryny anyk kesgitleýär. Bu wezipeler döwletimizi pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, kämil, ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen özgertmelere täze badalga berýär.
Ýurduň kuwwatly, maýa goýum taýdan özüne çekiji bolmagy üçin ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak zerur şertleriň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň özgertmeler syýasaty ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny halkyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirmek maksatlarynda uglewodorod serişdelerini häzirki zaman tehnologiýalary esasynda düýpli gaýtadan işlemegi, benzin, polipropilen, polietilen we suwuklandyrylan gaz ýaly dünýäde köp isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmekligi nazarlaýar. Şol maksat bilen, ýurdumyzda iri senagat kärhanalary döredilýär, ýangyç-energetika we beýleki ykdysady ugurlar boýunça goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär.
Bäsleşige ukyply, ýokary hilli harytlaryň dünýä bazarlaryna çykarylýan möçberlerini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek, şol sanda elektron senagatyny döretmek, elektrik energetikasyny ösdürmek, täze elektrik stansiýalaryny işe girizmek boýunça işler hem özgertmeler maksatnamasynda göz öňünde tutulýar. Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda telekeçiligi we bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam bermek hem esasy wezipeleriň biri hökmünde bellenilýär.
“Bilimli nesil – kuwwatly Watan!” diýen ýörelgeden ugur alyp, ýurdumyzda ylmy we bilimi giňden ösdürmek, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, medeniýeti we sungaty ösdürmäge aýratyn üns bermek hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan kesgitlenilen täze wezipeleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Hormatly Prezidentimiz milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmeklige aýratyn üns berýär. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, raýatlarymyza lukmançylyk hyzmatlarynyň häzirki döwrüň ösen talaplaryna görä guralmagyny üpjün etmek, eneligi we çagalygy goramagyň düýpli meselelerini üstünlikli çözmäge ýardam bermek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns bermek şu günüň wajyp wezipeleri hökmünde kesgitlendi. Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, döwrebap obadyr şäherçeleriň gurluşygyny geljekde hem giň gerim bilen dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Oba hojalygyna – ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmaga we daýhanlaryň zähmetini ýeňilleşdirmäge hem ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde seredilýär. Ýurdumyzyň ilatyny arzan azyk önümleri bilen üpjün etmek hem esasy wezipeleriň biri hökmünde görkezildi. Ýokary hilli gök önümler we miweler ýetişdirilýän ekerançylyk hem-de bagçylyk meýdanlaryny döretmek, bazarlardyr dükanlarda harytlaryň bolçulygyny üpjün etmek, hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, dowarlaryň we iri şahly mallaryň, guşlaryň baş sanyny yzygiderli artdyrmak azyk garaşsyzlygynyň baş şertleri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz ilatyň jan başyna düşýän girdejini öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny we döwlet kömek pullaryny köpeltmegi, şeýle hem beýleki ýaşaýyş-durmuş ýeňilliklerini ünsden düşürmän, ilatyň hemişe döwletimiz tarapyndan goragly boljakdygyny hem baş wezipeleriň hatarynda goýdy.
Türkmenistan indi 21 ýyldan gowrak wagt bäri halkara gatnaşyklarynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, dünýä döwletleri bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen döwletimiziň Bitaraplyk baýramynyň bellenilýän güni bolan 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip ykrar edilmegi döwletimiziň bitaraplyk meýilleriniň oňyn ösüşe laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär.
Goý, ata Watanymyzy dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwürmek barada nusgawy işleri alyp barýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli tutumlary işleri hemişe rowaç bolsun!
Enejan Didarowa,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.