31-nji mart­da Bu­da­peşt­de Weng­ri­ýa­nyň il­kin­ji we ýe­ke-täk No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­nyň eýe­si Im­re Ker­teş 86 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çyk­dy. Onuň “Üm­süm­li­giň uzak de­mi”, “Sür­gün­dä­ki dil” we “Ho­lo­kost” ýa­ly eser­le­ri dün­ýä ede­bi­ýa­ty­na gir­di. Ol 2001-nji ýyl­da Ger­ma­ni­ýa gö­çüp bar­ýar. 2002-nji ýyl­da No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­na my­na­syp bol­ýar. Onuň “Yk­bal­syz” we “Ka­diş” ýa­ly ro­man­la­ry iň­lis di­li­ne ter­ji­me edi­len­den soň­ra, ýo­ka­ry sy­la­ga we dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki şöh­rata eýe bolýar. Ker­teş di­ňe bir ýa­zy­jy bol­man, eý­sem, terjimeçi hökmünde hem giňden tanalýar. Ol Nis­şe, Wit­genş­teýn we Freýd ýa­ly ne­mes ýa­zy­jy­la­ry­nyň eser­le­ri­ni wen­ger di­li­ne ge­çir­ýär. Ol 2013-nji ýyl­da öz ýur­du­na Bu­da­peş­te do­la­nyp gel­ýär.