Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda merdana halkymyzyň ýaşlarynyň milli däp-dessurlarymyza wepaly, sagdyn kemala gelmegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz watansöýüji, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli nesilleri kemala getirmegiň, ýaşlarda ajaýyp tebigatymyza, dost-doganlyk ýörelgelerimize, maşgala gymmatlyklarymyza, zähmete we sporta söýgini ösdürmegiň öňümizde goýlan esasy maksatdygyny aýratyn belleýär. Bu maksada ýetmegiň ýolunda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler sanardan köpdür. Bagtyýar ýaşlarymyza bilim we terbiýe berlişiniň hil derejesini barha ýokarlandyrmak alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň esasyny düzýär. Muňa laýyklykda, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine yzygiderli üns berilýär we gurlup, ulanylmaga berilýän ajaýyp bilim binalary ýurdumyzyň binagärlik-gurluşyk keşbini has-da baýlaşdyrýar, onuň gözelligine gözellik goşýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bilim maksatly täze binalaryň açylyş dabaralarynyň ýylyň-ýylyna yzynyň üzülmeýändigine hemmämiz şaýatdyrys. 2016-2017-nji okuw ýylynyň başynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti açylyp, ulanylmaga berildi. Dünýä ülňülerine laýyk gurlan bu ýokary tehnologiýaly ajaýyp binanyň ylym-bilim berijilik häsiýeti-de, mazmuny-da özünden öňkülerden tapawutlydygy bilen ünsüňi çekýär. Bu uniwersitetiň açylmagy milli ylym-bilim ulgamyndaky öňe sary barýan deslapky ilerlemeleriň, aýgytly hereketleriň, batly gadamlaryň aňladylmasy boldy. Binalar toplumynyň ajaýyp gurluşyk-binagärlik keşbi bilen aýratyn saýlanýan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 3000 talybyň okamagyna şert döredilip, onda okuw, laboratoriýa otaglardan başga-da, talyplar üçin umumyýaşaýyş jaýlary, naharhana, ýapyk sport desgasy, tehniki desgalar bar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda ýokary bilimulgamynyň gerimi barha giňelýär, olaryň ylym-bilim berijilik we hünär öwredijilik mümkinçilikleri baýlaşdyrylýar, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň usullary täzelenilýär. Ýokary bilim ulgamyna dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagy, halk hojalygynyň ähli ugurlary üçin zerur bolan hünärmenleriň taýýarlanylmagy, ylmy pudaklaryň özara sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi häzirki wagtda döwrebap täzelenýän ýokary bilim ulgamynyň emele getirilendigini görkezýär. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýakynynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 500 orunlyk orta mekdebiň açylyp, ulanylmaga berilmegi bagtyýar nesliň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Mekdepde kompýuter, multimediýa, lingafon we laboratoriýa, okuw-usuly enjamlaryň, oglanlardyr gyzlar üçin aýry-aýrylykda zähmet okuw otaglarynyň, dürli dersler boýunça laboratoriýa, gurnak otaglarynyň bardygy ünsüňi çekýär. 2016-njy – 2017-nji okuw ýylynda umumy bilim berýän orta mekdepler paýtagtymyzyň täze Parahat – 7/1 ýaşaýyş toplumynda, Ruhabat etrabynda, Sarahs, Altyn asyr, Halaç, Mary, Wekilbazar we beýleki etraplarda-da açylyp, ulanylmaga berildi. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň Parahat – 7/1 ýaşaýyş toplumynda, ýurdumyzyň Baharly, Altyn asyr, Baýramaly, Tagtabazar we beýleki etraplarynda gurlup, ulanylmaga berlen çagalar baglarynyň täze binalarynda bagtyýar nesillerimiz erkana terbiýelenýär. Ýaşlaryň mukaddes Watanymyza, halkymyza wepaly, dünýä ylmyndan baş çykarýan, maksada okgunly, ruhubelent, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin örän uly tagallalaryň durmuşa geçirilmegi üstünlikli dowam etdirilýär. Okadylyşyň hilini kämilleşdirmek boýunça düýpli işler alnyp barylýar. Bilimde 12 ýyllyk okuw möhletine geçmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi we onuň durmuşymyza ornaşdyrylmagy bilim ulgamynda nobatdaky öňe ädilen aýgytly ädimleriniň biridir. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwrebap ylym-bilim ulgamyna kompýuter we multimediýa ulgamy esasynda döredilen interaktiw tagtanyň, lingafon, internet ulgamlarynyň ornaşdyrylmagynyň üstünlikli dowam etdirilýändigi ata Watanymyzyň bu ugurda-da dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşuljakdygyna anyk şaýatlyk edýär.
Bilimli nesil – kuwwatly Watan
Tirkeş Balyşew, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.