Her bir geçen ýylyň, aýyň bizi ýaşaýyş- durmuşyň täze belentliklerine alyp barýandygy bagtyýar raýatlarymyzyň berkarar döwletimize, milli Liderimiziň amala aşyrýan belent tutumly işlerine bolan guwanjyny, buýsanjyny artdyrýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji martda bolup geçen mejlisinde şu ýylyň iki aýynyň dowamynda amala aşyrylan işleriň jemleri boýunça berlen hasabatlara ser salanymyzda-da, biz ýokarda aýdylan pikiriň aňryýany bilen dogrudygyna doly göz ýetirýäris. Uly üstünlikler bilen geçen iki aýyň dowamynda ähli pudaklarda öňegidişlik gazanylypdyr. Mysal üçin, hasabat döwründe rejelenen görnüşdäki Oba maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça 552,4 kilometr inženerçilik, aragatnaşyk ulgamynyň, 27,1 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlanypdyr. 63 sany durmuş maksatly binanyň we desganyň, 28 sany suw arassalaýjy desganyň, 763,4 inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle-de inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Mejlisde sebitlerde senagaty ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 216-synyň gurluşyk işleriniň tamamlanandygy, hem-de 104-sinde gurluşyk işleriniň dowam etdirilýändigi aýdyldy. Diňe şu getirilen uly ösüşleri aňladýan sanlaryň özem Arkadag Prezidentimiziň şu ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniňresmitaýdanişegirişmekdabarasyndaeden çykyşynda aýdan: ”Biz mähriban halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, bereketlitopragymyzaAllatagalanyň eçilen tebigy baýlyklaryny netijeli ulanyp, jemgyýetimiziň gymmatly hazynasy bolan, ýurdumyzyň yzygiderli ösüşini üpjün eden jebislige, asudalyga we agzybirlige esaslanyp, ýeten belent sepgitlerimizden, gazanan ajaýyp üstünliklerimizden ruhlanyp, öz öňümizde täze, has uly wezipeleri goýduk” diýen dürdäne sözleriniň hut golaý ýyllarda aňryýany bilen amala aşjakdygyna anyk şaýatlyk edýär. Mähriban Prezidentimiziň şol taryhy çykyşynda ýurdumyzyň ilatynyň girdejileriniň yzygiderli artdyryljakdygyny, ilatyň jan başyna düşýän girdejileriniň dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetiriljekdigini, zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny hem-de döwlet kömek pullaryny köpeltmegiň, şeýle hem beýleki ýaşaýyş-durmuş ýeňilliklerini döretmegiň hiç wagt ünsden düşürilmejegini tassyklamagy raýatlarymyzyň kalbynda egsilmez begenç, guwanç duýgusyny döretdi. Elbetde, tebigy baýlyklara baý, daglary, sähralary ähli pasyllarda gök öwüsýän gözel tebigatly ýurdumyzda zähmet çekmegiň, gurmagyň, döretmegiň, öz ukyp-başarnygyňy mähriban halkyňa bagyş etmegiň, jana tenekar suwly, salkyn howaly ýerlerde medeniýetli dynç almagyň lezzetem başga. Hut şuňa görä-de,Arkadag Prezidentimiziň ýokarda ady agzalan dabarada: ”Biziň owadan daglarymyz, ümmülmez sähralarymyz, ajaýyp derýalarymyz, köllerimiz bar. Bu baýlyklarymyzy aýawly we netijeli ulanmalydyrys. Şeýle maksat bilen Köpetdagyň, Köýtendagyň, Sumbaryň gözel jülgelerinde, Bathyzyň goraghanaly ýaýlalarynda, Amyderýanyň, Murgabyň, Garagumuň boýlarynda köpsanly dynç alyş merkezlerini gurup, adamlaryň syýahat edip, dynç almaklary üçin ähli şertleri dörederis” diýmegi bagtyýar raýatlarymyzyň ýakyn gelejekdäki ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gözelleşjekdiginiň buşlukçysy bolup ýaňlandy. Arkadagly Watanymyz uly ösüşleriň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň täze beletliklerine tarap ak ýollara rowandyr! Biz ýurdumyzy gülläp ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda giň möçberli işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimize hemişe uly rowaçlyklaryň ýaran bolmagynyň tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Bagtyýar durmuşymyzyň täze gözýetimleri
Oguljan Alymowa, Garagum etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň mugallymy