Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň buýsanjy bolup, gelen türkmen gelingyzlary hakynda taryhy çeşmelerde iň gowy ýazgylar galdyrylypdyr. Nesilbaşymyz Oguz han hakynda ýazylan taryhy eserlerden başlap, “Gorkut ata”, “Görogly” şadessanlarynda, Andalybyň, Azadynyň, Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Keminäniň we ýene-de ençeme nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň waspy ýetirilipdir. Magtymguly atamyz zenanlarymyzyň adamzat durmuşyndaky belent ornuny: Dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama, Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa – diýmek bilen, çürt-kesik hem-de müdimilik kesgitläpdir. Dilleri senaly, kümüş saçly, perişde deýin enelerimiz, baýdak boýly, gül meňizli gelingyzlarymyz bu ajaýyp hormaty özleriniň ylahy asyllylygy, edep-ekramy bilen gazanypdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen uly rowaçlyklara beslenýän häzirki döwrümizde türkmen zenanlarynyň mertebesi has-da belent tutulýar. Eziz Arkadagymyz: “Biziň mährem enelerimiz, edep-ekramly, mylaýymzada gelin-gyzlarymyz türkmen durmuşynyň gülleridir, türkmen toýlarynyň bezegidir, ojaklarymyzyň alawy, öýlerimiziň çyragydyr” diýip, olaryň mertebesiniň, hormat-sylagynyň jemgyýetimizde örän ýokarydygyny guwanç bilen belleýär. Milli kanunçylygymyzda berkidilen azatlyklar we hukuklar, ilkinji nobatda, zenan mertebesini, maşgalany, bagtyýar çagalygy, saglyga, eşretli ýaşamaga, erkana ösmäge, ukyp-başarnygyny kämilleşdirmäge, döwletli öý-içerisine, maşgala abadançylygyna, perzentleriniň abraýyna guwanmaga bolan umyt-arzuwlaryny amala aşyrmaga gönükdirilendir. Ajaýyp döwrümizde “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatyň netijesinde, çaga seretmek boýunça rugsatlaryň berilmegi, çaga doglanda, üç ýaşa çenli çagalar üçin döwlet kömek pullarynyň bellenilmegi we olaryň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagy, zähmet baradaky kanunçylykda ýaş çagaly işleýän zenanlara aýratyn ýeňillikleriň göz öňünde tutulmagy, on dört ýaşa çenli çagalar üçin lukmançylyk kömeginiň mugt edilmegi, ösen dünýä ülňülere kybap gelýän “Ene mähri” merkezleriniň, çagalar baglarynyň, döwrebap mekdepleriň, sport, saglygy goraýyş hemde medeni desgalaryň yzygiderli gurulmagy, urşuň yzynda galan ak saçly eneleriň belentden sarpalanmagy we ýene-de onlarça işler bu günki gün türkmen zenanlarynyň durmuş eşretleriniň ählisine eýedigine şaýatlyk edýär. Milli Liderimiz üstümizdäki ýylyň 24-nji fewralynda geçirilen Hökümet maslahatynda merdana ata-babalarymyzyň türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýup, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, mynasyp nesli ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň bitirýän ägirt uly hyzmatlaryny nazara almak bilen, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň birnäçesine Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak hakynda Permana gol çekdi. Zenanlar bagtyýar, ilimiz abadan. Zenanlarymyzyň nurana keşplerinde bagty, ýaşaýşa bolan belent söýgini, ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza bolan belent buýsanjy görmek bolýar. Olaryň aň-düşünjesi bilen her bir ojakda kemally perzentler ýetişýär. Bu zatlaryň ählisi olara bagtyýar hem-de eşretli zamanamyzyň eçilen miwesidir. Eneler hakynda söz açylanda, eziz Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” romanynda Mälikguly aganyň şu setirleri bagtyýar raýatlarymyza, şol sanda mährem enelerimize bolan mukaddes arzuw hökmünde hemişe kalbymyzda janlanýar: Eneler şat bolsun, dünýäň ýüzünde, Uruşlar ýat bolsun, dünýäň ýüzünde, Göwün şu Watanyň sähra-düzünde, Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär. Goý, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzy ýylsaýyn ägirt uly ösüşlere eýe edýän, raýatlarymyzy bolelin durmuşda ýaşadýan, zenan mertebesini belende göterýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbidine gönükdirilen her bir tutumly işi hemişe rowaçly bolsun!
Owadan dünýäniň bezegi
Annagözel NURYÝEWA, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.