Amerikan ýazyjysy Mark Tweniň ozal çap edilmedik “Şazada Oleomargariniň talanmagy” (The Purloining of Prince Oleomargarine) atly hekaýasy aýratyn kitap bolup çykar. Bu barada “The Guardian” gazeti habar berýär. “Şazada Oleomargariniň talanmagy” – ýazyjynyň ýygyndylarynyň içinde öz gyzlary üçin niýetläp ýazan ýeke- täk hekaýasydyr. Mark Tweniň çagalara ýazga geçirmän, dilden hekaýa gürrüň bermek endigi hem bolupdyr. Hekaýa 1879-njy ýylda Parižde ýazylypdyr. Onda haýwanlar bilen gürleşip bilýän oglanjyk barada gürrüň berilýär. Ol birnäçe ýyrtyjy haýwanlar bilen birlikde ogurlanan şazadany halas etmäge ýola düşýär. Neşirýatçylaryň pikirine görä, eser asyllylyk, adamkärçilik, päklik, batyrgaýlyk, dogumlylyk ýaly meseleleri orta atýar. 16 sahypadan ybarat bolan bu hekaýa suratkeş är-aýal Filip we Erin Sted dagy tarapyndan bezelipdir. Ol Mark Tweniň ilkinji hekaýalar ýygyndysy bolan “Kalawerasyň bökýän belli gurbagasy”- nyň çykan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýyl “Doubleday” neşirýatynda çap ediler. Bu hekaýa 2011-nji ýylda ýazyjynyň Berkli uniwersitetinde (Kaliforniýa ştaty) saklanýan arhiwinden tapyldy. Mark Twen (1835-1910) – amerikan edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy, gülküli kyssanyň ussady. Onuň has meşhur eserleriniň arasynda “Tom Soýeriň başdan geçirenleri” (1876), “Geklberri Finnanyň başdan geçirenleri” (1884), “Korol Arturyň köşgündäki Konnektikutly Ýanka” (1889) ýaly eserleri göze ilýär.