Wideo- oýunlardan, has ýörgünli ady kompýuter oýunlaryndan filmleri taýýarlamakda özüni tanadan Golliwud şol kinolaryň hataryna ýene birini goşmakçy bolýar. “Square Enix” şereketiniň garamagyndaky “Sleeping Dogs” atly wideo- oýny hem ekranlaşdyrylar. ABŞ-nyň we Hytaýyň bilelikdäki önümi boljak kinoda baş keşbi Donni Ýen janlandyrar. Soňky wagtlarda Golliwudyň kinolarynda- da özüni görkezip başlan hytaýly aktýor Donni Ýen “Ip Man” filmler toplumy bilen tutuş dünýäde meşhurlyga ýetipdi. Ýen täze kinoda Wei Şen atly polisiýa işgäriniň keşbini janlandyrar. Çehiýanyň paýtagty Pragada surata alynjak kinonyň öňümizdäki ýylda ekranlara çykarylmagyna garaşylýar.