9-njy Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty 1992-nji ýyl­da Şwe­si­ýa döw­le­tin­de ge­çi­ri­lip, oňa 8 ýy­gyn­dy gat­naş­dy. Yk­lym­da­ky sy­ýa­sy wa­ka­la­ryň kö­le­ge­sin­de ge­çen ýa­ryş­da ýer eýe­si Şwe­si­ýa, şol san­da Şot­lan­di­ýa il­kin­ji ge­zek çy­kyş et­di. Şol wagt­ky ýag­da­ýa gö­rä, Ýu­gos­la­wi­ýa hu­kuk ga­za­nan hem bol­sa, ýa­ry­şa gat­na­şyp bil­me­di. Ola­ryň or­nu­na bireý­ýäm dynç al­şa gi­den Da­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ça­gy­ryl­dy. Çem­pio­na­tyň iň geň ta­ra­py-da şol daniýalyla­ryň fi­nal­da güýç­li toparlaryň bi­ri Ger­ma­ni­ýa­ny utup, çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny ga­zan­ma­gy bol­dy.
Saý­la­ma tap­gy­ry­na 34 ýy­gyn­dy gat­na­şyp, San Ma­ri­no bi­len Fa­rer ada­la­ry­nyň ýy­gyn­dy­la­ry 1-nji ge­zek çy­kyş et­di. To­par­lar 7 to­par­ça­da öza­ra güýç sy­na­nyş­dy. Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa bi­len Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa­nyň bi­je­le­ri 1 saý­la­ma to­par­ça­sy­na düş­di. Ýö­ne iki Ger­ma­ni­ýa­nyň bir­leş­me­gin­den soň, ol hä­zir­ki ýa­ly Ger­ma­ni­ýa ady bi­len ýa­ry­şy do­wam et­dir­di. Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa to­par­ça­da­ky il­kin­ji oý­nu­ny Bel­gi­ýa bi­len oý­nap, ola­ry 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Ýö­ne bu du­şu­şyk ýol­daş­lyk oý­ny diý­lip, ha­sa­ba alyn­dy we bu oýun ola­ryň Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa ady bi­len ge­çi­ren iň soň­ky du­şu­şy­gy bol­dy.
1-nji to­par­ça­da Fran­si­ýa 8 oýun­da ýe­ňiş ga­za­nyp, säw­lik­siz fi­nal tap­gy­ry­na çyk­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Fran­suz­lar to­par­ça­da Çe­hos­lo­wa­ki­ýa­dyr Is­pa­ni­ýa­nyň, Is­lan­di­ýa we Al­ba­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry­ny yz­da gal­dyr­dy. 2-nji to­par­ça­da Şot­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 11 utuk top­lap, 10 utuk­ly Şweý­sa­ri­ýa­nyň we Ru­my­ni­ýa­nyň, şol san­da Bol­ga­ri­ýa­dyr ýa­ry­şyň deb­ýu­tan­ty San Ma­ri­no­nyň ýy­gyn­dy­la­ryn­dan öňe saý­lan­dy. Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­dan tej­ri­be­si bo­lan Şot­lan­di­ýa il­kin­ji ge­zek yk­ly­myň bi­rin­ji­li­gi­ni al­mak ug­run­da bäs­le­şik­de özü­ni gör­kez­mä­ge yg­ty­ýar al­dy. 3-nji to­par­ça­da öň­ki So­ýu­zyň ýy­gyn­dy­sy 8 oý­nuň 5-sin­de ýe­ňiş ga­za­nyp, ýeň­liş­siz 1-nji ýe­ri eýe­le­di. Olar to­par­ça­da Ita­li­ýa, Nor­we­gi­ýa, Weng­ri­ýa we Kipr döw­let­le­ri­niň mil­li to­par­la­ry bi­len güýç sy­na­nyş­dy. Bu ozak­ly SSSR-iň çem­pio­na­tyň fi­nal tap­gy­ryn­da çy­kyş et­mä­ge ga­za­nan 6-njy pe­te­gi bol­dy. Olar çem­pio­na­tyň fi­nal tap­gy­ry­na Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy (GDA) di­ýlen at bi­len gat­naş­dy. 4-nji to­par­ça­da Ýu­gos­la­wi­ýa­nyň, Da­ni­ýa­nyň, D. Ir­lan­di­ýa­nyň, Awst­ri­ýa­nyň we 1-nji sa­par gat­naş­ýan Fa­rer ada­la­ry­nyň mil­li to­par­la­ry çy­kyş et­di. To­par­ça­da 14 utuk top­lan Ýu­gos­la­wi­ýa 1-nji, on­dan 1 utu­gy az Da­ni­ýa 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Ýö­ne 1992-nji ýy­lyň maý aýy­nyň ahy­ryn­da Ýu­gos­la­wi­ýa­da eme­le ge­len ýag­daý se­bäp­li, FI­FA ola­ry ýa­ryş­lar­dan wagt­la­ýyn­ça çy­kar­dy. Ola­ryň or­nu­na ju­da az wagt (11 gün) ga­lan­da, bireý­ýäm oýun­çy­la­ry dynç al­şa çy­kan we taý­ýar­lyk­syz Da­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ça­gy­ryl­dy. Bu da­ni­ýa­ly­lar üçin Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyna 4-nji çakylyk boldy. 5-nji to­par­ça­da iki Ger­ma­ni­ýa­nyň bir­leş­me­gin­den soň, 4 to­par öza­ra güýç sy­na­nyş­dy. Ne­ti­je­de, Uel­siň, Bel­gi­ýa­nyň we Lük­sem­bur­gyň ýy­gyn­dy­la­ryn­dan köp utuk top­lan Ger­ma­ni­ýa­nyň mil­li to­pa­ry 6-njy ge­zek fi­nal pe­te­gi­ni al­dy. 6-njy to­par­ça­da soň­ky çem­pi­on Gol­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 13 utuk bi­len por­tu­gal­lar­dan, grek­ler­den, fin­ler­den, we mal­ta­ly­lar­dan ök­de çyk­dy. 7-nji to­par­ça­da Ang­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy Ir­lan­di­ýa­nyň, Pol­şa­nyň we Tür­ki­ýä­niň to­par­la­ryn­dan köp utuk top­lap, bas­syr 4-nji ýo­la çem­pio­na­tyň fi­na­ly­na ýol­lan­ma ga­zan­dy.
Çem­pio­na­tyň fi­na­l tap­gy­ry 1992-nji ýy­lyň 10–26-njy iýu­ny ara­ly­gyn­da Şwe­si­ýa­nyň 4 şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. “A” to­par­ça­da ýer eýe­si Şwe­si­ýa­nyň mil­li to­pa­ry bi­len bir ha­tar­da, Da­ni­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň we Ang­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry, “B” to­par­ça­da-da Gol­lan­di­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Şot­lan­di­ýa­nyň we GDA-nyň ýy­gyn­dy­la­ry öza­ra güýç sy­na­nyş­dy. “A” to­par­ça­da­ky il­kin­ji 3 oýun deň­lik­de gu­tar­dy. Çem­pio­na­tyň açy­lyş du­şu­şy­gyn­da Şwe­si­ýa bi­len Fran­si­ýa Eriks­seniň (24) we Pa­pi­niň (58) garşylykly gol­la­ry bi­len deň­me-deň oý­na­dy (1–1). Da­ni­ýa–Ang­li­ýa we Fran­si­ýa–Ang­li­ýa oýun­la­ryn­da ha­sap açyl­ma­dy. Şwe­si­ýa Da­ni­ýa­ny To­mas Bro­li­niň 58-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. To­par­ça­da­ky 3-nji oýun­lar­da bir­meň­zeş ne­ti­jeler ha­sa­ba alyn­dy. Şwe­si­ýa Ang­li­ýa­ny (Eriks­son 51, Bro­lin 82 – Platt 4), Da­ni­ýa bol­sa, Fran­si­ýa­ny (Lar­sen 8, Elst­rup 78 – Pa­pin 60) 2–1 ha­sa­byn­da ut­ma­gy ba­şar­dy we yk­ly­myň de­mir­ga­zy­gyn­da ýer­leş­ýän 2 ýy­gyn­dy ýa­rym fi­na­lyň pe­te­gi­ni ga­zan­dy.
“B” to­par­ça­da soň­ky çem­pi­on Gol­lan­di­ýa bäs­le­şi­giň deb­ýu­tan­ty Şot­lan­di­ýa­ny Den­nis Berg­kam­pyň ýe­ke-täk to­py bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. GDA bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry 1 utu­gy paý­laş­dy. 64-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den Igor Dob­ro­wols­ki­niň go­ly bi­len öňe saý­la­nan GDA-nyň ýy­gyn­dy­sy­na 90-njy mi­nut­da Ger­ma­ni­ýa­dan To­mas Hass­ler jo­gap ber­di (1–1). Ne­mes­ler 2-nji oýun­da şot­land­la­ry Rid­le bi­len Ef­fen­ber­giň gol­la­ry esa­syn­da 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 1988-nji ýyl­da­ky çem­pio­na­tyň fi­na­lyn­da du­şu­şan Gol­lan­di­ýa bi­len GDA-nyň ýy­gyn­dy­la­ry­nyň bu ge­zek­ki oý­nun­da ha­sap açyl­ma­dy. Diý­seň gy­zyk­ly bo­lan du­şu­şyk­da gol­land­lar ne­mes­le­ri 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, ýa­rym fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Oýun­da gol­land­lar­dan Riý­kard (4), Wits­ge (15), Berg­kamp (72), ne­mes­ler­den Klins­mann (53) ta­pa­wut­lan­dy. Şot­land­lar bol­sa, GDA-nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň to­ru­na jo­gap­syz 3 pök­gi gi­riz­di. MakS­teý (7), MakK­leýr (16) we Ma­kAl­lis­te­riň (84 p) gol­la­ry bi­len ýe­ňiş ga­za­nan şot­land­lar bi­len GDA-nyň ýy­gyn­dy­sy bäs­le­şi­gi bu ýer­de ta­mam­la­dy­lar.
Ýa­rym fi­nal­da ýer eýe­si Şwe­si­ýa Sol­na­da­ky “Ra­sun­da” sta­dio­nyn­da Ger­ma­ni­ýa bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da ne­mes­ler 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. 11-nji mi­nut­da Hass­ler, 59-njy mi­nut­da-da Rid­le ta­pa­wut­la­nyp, ne­mes­le­ri 2–0 ha­sa­byn­da öňe saý­la­dy. 64-nji mi­nut­da Bro­lin bel­le­nen pe­nal­ti­ni dürs ýe­ri­ne ýe­tir­di we ýer eýe­le­ri­ni umyt­lan­dyr­dy. Ýö­ne 88-nji mi­nut­da Rid­le ýe­ne bir ýo­la ta­pa­wut­lan­dy. Şon­dan 1 mi­nut soň, Ken­net An­ders­so­nyň go­ly şwed­le­re ýe­ňiş üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy.
Beý­le­ki ýa­rym fi­nal­da Da­ni­ýa bi­len Gol­lan­di­ýa öza­ra güýç sy­na­nyş­dy. Da­ni­ýa­ly Hen­rik Lar­se­niň 5-nji we 33-nji mi­nut­lar­da ge­çi­ren gol­la­ry­na gol­land­lar Berg­kamp (23) we Riý­kard (86) bi­len jo­gap ber­di. Esa­sy wag­ty deň­lik­de gu­ta­ran oý­nuň goş­ma­ça wag­tyn­da-da ha­sap üýt­ge­me­di (2–2). Du­şu­şyk­dan soň­ky pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da da­ni­ýa­ly­lar 5–4 ha­sa­byn­da üs­tün­lik ga­za­nyp (gol­land­lar­dan Wan Bas­ter ge­çi­rip bil­me­di), il­kin­ji ge­zek fi­nal­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. De­ňiz ke­na­ryn­dan top­la­nyp ge­ti­ri­len oýun­çy­la­ry bi­len diý­seň şow­ly çy­kyş eden Da­ni­ýa 3-nji sy­na­ny­şy­gyn­da fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy.
Da­ni­ýa bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky fi­nal oý­ny Gýo­te­borg şä­he­rin­dä­ki “Ul­le­wi” sta­dio­nyn­da ge­çi­ril­di. 37800 jan­kö­ýe­riň to­ma­şa eden du­şu­şy­gyn­da şweý­sa­ri­ýa­ly Bru­no Gal­ler jür­le­wük çal­dy. Meý­dan­ça 2 to­pa­ram esa­sy dü­züm­de çyk­dy. Oý­nuň 18-nji mi­nu­tyn­da Jon Ýen­sen ha­sa­by aç­dy. Du­şu­şy­gyň 78-nji mi­nu­tyn­da Jim Wil­fort ha­sa­by 2–0-a ýe­tir­di we Da­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy il­kin­ji ýo­la Ýew­ro­pa­nyň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy. Şeý­le­lik­de, mej­bu­ry ýag­daý­da ýa­ry­şa gat­na­şan Da­ni­ýa­nyň çem­pi­on bol­ma­gy bü­tin dün­ýä­ni geň gal­dyr­dy. Şol gü­nüň er­te­si Da­ni­ýa­nyň bu ýeň­şi Ýew­ro­pa­nyň dür­li ýurt­la­ry­nyň met­bu­ga­tyn­da “De­ňiz ke­na­ryn­dan çem­pi­on­ly­ga” di­ýen se­tir­ler bi­len öz be­ýa­ny­ny tap­dy.