Ýurdumyzyň işewürleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 9 ýyllygyny belleýärler. Bu şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza firmalaryň gatnaşmagynda sergi we maslahat geçirilýär.
Milli Liderimiziň bu ykdysady foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde tutýan paýyny artdyrmak döwletimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenilýär.
Hakykatdan hem ýurdumyzyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň mynasyp paýy bar. Häzirki günde Türkmenistanyň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň wekilleri gurluşykda, oba hojalygynda, azyk we ýeňil senagatynda, söwdada we hyzmatlar ulgamynda, şeýle hem bilimde we syýahatçylykda işlerini üstünlikli dowam etdirýärler.
Türkmen telekeçileriniň şu gezekki ykdysady gözden geçiriliş çäresi hem olaryň gazanýan üstünliklerini açyp görkezdi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan türkmen telekeçileri ýurdumyzyň bazarlaryny dürli önümler bilen üpjün etmekde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde we ýurdumyzyň eksport kuwwatlygyny artdyrmakda uly işleri amala aşyrýarlar.