Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlaryny öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň Senagat ministrligi tarapyndan bu ugurda zerur işler amala aşyrylýar.
Durmuş tehnikalarynyň dürli görnüşleriniň – gaz we elektrik ojaklarynyň, elektrik demojaklarynyň, elektrik gyzdyryjylaryň, tozan sorujylaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, “Hojalyk harytlary” atly hojalyk jemgyýeti döredildi.
“Türkmenmaşyngurluşyk” konserni bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy täze bilelikdäki kärhananyň esaslandyryjysy bolup çykyş etdiler. Içerki bazar üçin ýokary hilli elektrotehnika harytlarynyň öndürilmegi bu ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberini azaltmaga mümkinçilik berer, ilaty uly isleg bildirilýän harytlar bilen elýeterli bahadan üpjün eder.