Her ýyl Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde dünýäniň iň uly syýahatçylyk sergisi geçirilýär. “ITB Berlin” diýlip atlandyrylýan halkara sergi bütindünýä syýahatçylygynda gazanylýan ösüşleri açyp görkezýär. Halkara syýahatçylyk bazarynyň pul dolanyşygy 7 milliard ýewro barabardyr.
Bu ýylky geçirilen halkara foruma 190-a golaý ýurt gatnaşdy.Kolumbiýanyň diwarlygy beýleki döwletleriňkä garanyňda, has uly boldy. Bu ýurda geçen ýyl 3,5 million syýahatçy gelip, bu görkeziji 2015-nji ýyla garanyňda, 15 göterim köpdür.
Halkara syýahatçylygy esasynda köp sanly dünýä ýurtlary girdeji gazanmagy dowam edýär. Käbir ýurtlar bu pudagy ösdürmäge ýaňy girişdi. Gazagystan şu ýylyň tomsunda “EXPO-2017” halkara sergisini geçirip, 5 million myhmana garaşýar.
2017-nji ýylda serginiň hyzmatdaş ýurdy hökmünde Botswana saýlanyp alyndy. 51-nji gezek geçirilýän bu sergi şu ýylyň 8-12-nji marty aralygynda boldy. Ony 170 müňden gowrak adam synlamaga geldi.
Berlin şäherindäki “Messe Berlin” sergi zalynda geçirilen halkara forumda 1092 sany diwarlyk guruldy. Ol 160 müň inedördül metr meýdany eýeledi.