Tö­we­rek-da­şy syn­la­nyňda, syn­la­dy­gyň­ça syn­la­syň gel­ýär. Te­bi­gat di­ýlip at­lan­dyr­ylýan bu daş­ky gör­nüş bütin dur­ky bi­len ada­my özü­ne ben­di ed­ýär. Ba­har pas­lynda agaç­la­ryň tä­ze pyn­tyklaýan ýap­rak­la­ry, ak ýa-da gül­gün gül­le­ri, now­ça­la­ry, de­pe­le­riň, de­re­le­riň, dag­la­ryň gök maý­sa­la­ra bü­ren­me­gi, bir söz bi­len aý­da­nyň­da, te­bi­ga­tyň jan­lan­ma­sy bo­lup geç­ýän bol­sa, to­mus bi­ze özü­niň dür­li na­zu-nyg­mat­la­ry­ny eçil­ýär. Ho­wa­nyň ys­sy­sy­na süý­jäp biş­ýän mi­we­ler, gök önüm­ler be­re­ket­li sa­ça­gy­my­zy be­ze­ýär. Özü­niň sa­ry reň­ki bi­len ma­ýyl edýän tyl­la­ýy güýz pas­ly bol­sa, gys­ga wagt­ly çab­gala­ry bi­len ýer ýü­zü­ni ýuw­ýar.
Bu söz­de ada­myň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy, dün­ýä­ga­raý­şy, öm­ri we yk­ba­ly jem­le­nýär. Yn­san he­mi­şe te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şap, onuň gö­zel­li­gi­ne gö­zel­lik go­şup­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ker­wen ýol­la­ry­nyň ug­run­da gu­ýy, bag we dü­me ga­wun-gar­pyz­la­ry eken­di­gi mä­lim­dir. Ýe­re aýaw­ly ga­ra­mak, bol ha­syl ýe­tiş­dir­mek – mu­nuň özi daý­ha­nyň ýe­re bo­lan yh­la­sy­nyň hem-de zäh­met­sö­ýer­li­gi­niň ne­ti­je­si­dir. Mähri­ban top­ra­gy­my­zyň gö­zel­li­gi­ne sar­pa goý­mak, ony aýaw­ly sak­la­mak her bi­ri­mi­ziň mu­kad­des bor­ju­myz­dyr.
Şeý­le hem “Bag eke­niň öm­ri uzak”, “Bag eke­niň bag­ty açyk”, “Bag bar­syz bol­maz, at ti­mar­syz”, “Ar­myt pu­da­gyn­da sal­la­nar, ýe­re düş­se bal­la­nar”, “Al­ma­ny çö­le ek, ar­my­dy baý­ra”, “Suw ses­le­ner ga­myş bi­len, gyz bes­le­ner kü­müş bi­len”, “Suw­ly ýer – gül, suw­suz ýer – çöl” ýa­ly te­bi­gat bi­len bag­ly na­kyl­lar hem hal­ky­my­zyň daş­ky gur­şaw bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şan­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­myz agaç­lar­dan örän ýer­lik­li peý­da­la­nyp, olar­dan dür­li se­riş­de­le­ri ýa­sap­dyr­lar. Esa­san hem, de­rek, şem­şat agaç­la­ry­ny gur­lu­şy­ga ni­ýet­läp­dir­ler. Tut aga­jyn­dan du­ta­ryň kädisini, erik aga­jyn­dan bol­sa, sa­py­ny ýa­sap­dyr­lar.
Bag – dur­mu­şyň gö­zel­li­gi, be­ze­gi. Ba­gy-bos­san­lyk­ly ýer­le­riň tä­miz ho­wa­sy sag­lyk üçin şy­paly. Ýur­du­myz­da 2017-nji ýy­lyň 18-nji mar­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry bi­len bag ek­mek bo­ýun­ça äh­li­halk ýo­wa­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­rilip, tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça köp sanly agaç na­hal­la­ry we mi­we­li agaç­lar ekil­er. Bu asylly däp ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek, to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek we eki­len bag na­hal­la­ry­na ta­la­ba la­ýyk ideg et­mek­ ýaly mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len­dir. Bu­la­ryň äh­li­si yn­san dur­mu­şy­ny bag­çy­lyk­dan, te­bi­gy gö­zel­lik­ler­den üz­ňe göz öňü­ne ge­tirip bol­ma­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne-de bir su­but­na­ma­sy­dyr.
Mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga, gül­zar­ly­ga, gö­zel­lik dün­ýä­si­ne öwür­mekde döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ta­gal­la­sy­ny gaý­gy­ra­nok. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne paý­tag­ty­my­zyň deg­re-da­şyn­da, ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da agaç na­hal­la­ry­ny ek­mek ýa­ly döw­let­li iş­le­riň giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýan­dy­gy hem şa­ýat­lyk ed­ýär.