KA­SIL­ÝAS MAL­DI­NI­DEN ÖŇE SAÝ­LAN­DY
UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 1/8 fi­na­lyň äh­li du­şu­şyk­la­ry ta­mam­lan­dy. Myh­man­çy­lyk­da 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Ýu­wen­tus” öz meý­dan­ça­syn­da “Por­tony” ar­gen­ti­na­ly hü­jüm­çi­si Pab­lo Di­ba­la­nyň 42-nji mi­nut­da­ky pe­nal­ti go­ly bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Ge­çen oýun­da bol­şy ýa­ly, “Por­to” to­pa­ry bu du­şu­şy­gy-da 1 oýun­çy kem­lik­de ta­mam­la­dy. Oýnuň 40-njy mi­nu­tyn­da Mak­si­mi­lia­no Pe­rei­ro to­py je­ri­me meý­dan­ça­syn­da eli bi­len oý­nan­dy­gy üçin oňa emin tarapyndan gös-gö­ni gy­zyl pe­tek gör­ke­zil­di. Şun­luk­da, “Ýu­wen­tus” 11-nji ge­zek çär­ýek fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Bu oýun­da “Por­to­nyň” der­we­ze­si­ni go­ran is­pa­ni­ýa­ly Iker Ka­sil­ýas Ýew­ro­ku­bok­lar­da iň köp du­şu­şyk ge­çi­ren oýun­çy ady­nyň tä­ze eýe­si bol­dy. 175-nji ge­zek UEFA-nyň klub ýa­ryş­la­ryn­da meý­dan­ça çy­kan 35 ýaş­ly Ka­sil­ýas bu ugur­da 174 oýun­ly Pao­lo Mal­di­ni­den öňe saý­lan­dy. Ga­ly­ber­se-de, Iker Ka­sil­ýas Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da-da iň köp oýun oý­nan fut­bol­çy sa­na­wyn­da-da ep-es­li öň­de bar­ýar. 162-nji du­şu­şy­gy­ny oý­nan Ka­sil­ýa­sa iň go­laý fut­bol­çy Ha­wi bo­lup, ol 151 ge­zek meý­dan­ça çyk­dy.
Şol gün­ki beý­le­ki du­şu­şyk­da Klau­dio Ra­nie­ri­niň or­nu­na Kreg Şeks­pi­ri we­zi­pä bel­län Ang­li­ýa­nyň çem­pio­ny “Les­ter Si­ti” topary UEFA Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň bas­syr 3 ge­zek ýe­ňi­ji­si “Se­wil­ýa­ny” ýa­ryş­dan çy­kar­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 1-nji oýun­da “Se­wil­ýa” 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Jo­gap du­şu­şy­gy-da diý­seň dart­gyn­ly we çe­ke­le­şik­li geç­di. 27-nji mi­nut­da ýer eýe­le­ri­niň go­rag­çy­sy Wes Mor­gan to­par­da­şy Ri­ýad Mah­re­ziň je­ri­me meý­dan­ça­sy­na ge­çi­ren pök­gü­si­ni hem­me­den öňür­ti urup, ha­sa­by aç­dy we ol Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da ta­pa­wut­la­nan il­kin­ji ýa­maý­ka­ly oýun­çy di­ýen ady eýe­le­di. Du­şu­şy­gyň 54-nji mi­nu­tyn­da iň­lis to­pa­ry­nyň ýa­rym­go­rag­çy­sy Mark Olb­raý­ton bat­ly ur­gy bi­len ha­sa­by 2-ä çy­kar­dy. Şon­dan soň, hü­jüm­le­ri­ni has-da ýyg­jam­laş­dy­ran “Se­wil­ýa” to­pa­ry­nyň fran­suz oýun­çy­sy Sa­mir Nas­ri 74-nji mi­nut­da 2-nji sa­ry pe­tek­den soň, meý­dan­ça­dan çy­ka­ryl­dy. Oý­nuň 80-nji mi­nu­tyn­da myh­man­la­ra ýa­ry­şy do­wam et­dir­mek üçin uly müm­kin­çi­lik dö­re­di. Em­ma “Sewilýanyň” fransiýaly ýarymgoragçysy Sti­wen N’Zon­zi bel­le­nen pe­nal­ti­ni ta­kyk urup bil­me­di. Şol pursatda der­we­ze­çi öz us­sat­ly­gy­ny gör­kez­di. Du­şu­şyk 2–0 ha­sa­byn­da “Les­ter Si­ti­niň” ýeň­şi bi­len ta­mam­lan­dy we iň­lis klu­by il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan bäs­le­şi­gin­de çär­ýek fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy.

100-nji DU­ŞU­ŞY­GYN­DA ÝÜ­ZI GÜL­ME­DI
Mun­dan 3 hep­de ozal Man­çes­ter­dä­ki oýun 5–3 ha­sa­byn­da iň­lis klu­bu­nyň peý­da­sy­na gu­ta­ryp­dy. II Lui sta­dio­nyn­daky jo­gap oý­nun­da “Mo­na­ko” to­pa­ry “Man­çes­ter Si­ti­den” 3–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Eý­ýäm 8-nji mi­nut­da 18 ýaş­ly hü­jüm­çi Ki­li­an Mbap­pe ha­sa­by aç­dy. Bu gol onuň esa­sy dü­züm­de meý­dan­ça çy­kan 17-nji oý­nun­da­ky 16-njy pök­gü­si­dir. 29-njy mi­nut­da Fa­bi­nio ha­sa­by 2-0-a çy­kar­dy. Bu ha­sap fran­suz klu­bu­nyň çär­ýek fi­na­la çyk­ma­gy üçin ýe­ter­lik­di. Du­şu­şy­gyň 71-nji mi­nu­tyn­da iň­lis klu­bun­dan Le­roý Sa­ne ta­pa­wut­lan­yp, umumy hasapda toparyny öňe saýlady. Ruh­dan düş­me­dik fran­suz to­pa­ry­nyň oýun­çy­la­ry, has ta­ky­gy, Te­mue Ba­ka­ýo­ko 77-nji mi­nut­da 3-nji pök­gi­ni-de “Si­ti­niň” to­run­a gi­riz­di. Bu pökgi du­şu­şyk­da­ky soň­ky gol bol­dy. 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça ha­sap 6–6 bol­sa-da, myh­man­çy­lyk­da ge­çi­ri­len köp gol “Mo­na­ko­ny” çär­ýek fi­nal­a çykardy. Iki duşuşykda geçirilen 12 gol iň ýo­ka­ry 2-nji gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri bo­lup, “Li­on”–“Wer­der” (2004/05, 10-2), “Çel­si”–“Li­wer­pul” (2008/09, 7–5) hem-de “Bar­se­lo­na”–“Ba­ýer” (2011/12, 10–2) du­şu­şyk­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji 13 gol­ly “Ba­wa­ri­ýa”–“Spor­ting” du­şu­şy­gy­na de­giş­li­dir (2008/09, 12–1). “Mo­na­ko” 5-nji sa­par çär­ýek fi­nal­da oý­nar. Şeýle-de Pep Gu­ar­dio­la 100-nji ge­zek Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da tä­lim­çi hök­mün­de çy­kyş edip, ol mu­ny ba­şa­ran 29-njy tä­lim­çi­dir (Aleks Fer­gu­son, Wa­le­riý Lo­ba­nowk­siý, Žo­ze Mou­ri­nio, Ýupp Haýn­kes, Lu­is Wan Ga­al, Ar­sen Wen­ger, Jio­wan­ni Tra­pat­to­ni, Kar­lo An­çe­lot­ti…). Tä­lim­çi­lik­de il­kin­ji ge­zek çär­ýek fi­na­la çy­kyp bil­me­dik Gu­ar­dio­la 61 ýe­ňiş, 23 deň­lik we 16 ýeň­liş bi­len il­kin­ji 100 oýun­da iň köp ba­şar­nyk ga­za­nan tä­lim­çi bol­dy.
“At­le­ti­ko Mad­rid”–“Ba­ýer” du­şu­şy­gy­nyň jo­gap oý­nun­dan gol se­si çyk­ma­dy. Aý­ra­ty­nam, is­pan to­pa­ry­nyň slo­wa­ki­ýa­ly der­we­ze­çi­si Ýan Ob­lak örän er­jel­lik gör­kez­di. Ol howp­ly pur­satlaryň 6-synda der­we­ze­si­ni gol­dan go­ra­ma­gy ba­şar­dy. Şun­luk­da, 1-nji oýun­da 4–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “At­le­ti­ko” bas­syr 4-nji, umu­my­lyk­da 5-nji ýo­la çär­ýek fi­na­lyň pe­te­gi­ni al­dy. “At­le­ti­ko” Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň çäk­le­rin­de öz meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ren 20-nji oý­nun­da 17-nji ge­zek to­ru­na pökgi goý­ber­tme­di.

“BAWARIÝA”–“REAL M.”, “ÝUWENTUS”–“BARSELONA”
Düýn Şweýsariýanyň Nion şäherinde UEFA-nyň 2 klub bäsleşiginiň-de çärýek finalynyň bije çekiliş dabarasy geçirildi. Bijä laýyklykda, soňky çempion “Real Madrid” bu başarnygyny gaýtalamak isleýän bolsa, onda olar ilki “Bawariýadan” üstün çykmaly bolarlar. Şeýle-de “Barselona” italýanlaryň güýçli wekili “Ýuwentus” bilen bije atyşdy. Olar soňky sapar 2015-nji ýylda finalda duşuşypdylar. Çärýek finalyň duşuşyklary 11–12-nji we 18–19-njy aprelde oýnalar.