Ge­os­ta­sio­nar or­bi­ta­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň “Türk­me­nÄ­lem52oE” hem­ra­sy di­ňe bir bi­ziň ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­dä­ki däl, eý­sem, Or­ta Azi­ýa­nyň beý­le­ki döw­let­le­ri­niň, Eý­ra­nyň, Tür­ki­ýä­niň, De­mir­ga­zyk Af­ri­ka­nyň we Ýew­ro­pa döw­let­le­ri­niň ula­ny­jy­la­ry­na hem köp gör­nüş­li ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ni, şol san­da san­ly te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri­ni, te­le­fon ara­gat­na­şy­gy­ny, wi­deo­mas­la­hat ara­gat­na­şy­gy­ny, mag­lu­mat­la­ry iber­me­gi, hem­ra In­ter­ne­ti­ni hö­dür­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da “Türk­me­nÄ­lem52oE”-niň hem­ra trans­pon­der­le­ri­niň ýo­ka­ry ge­çi­ri­ji­lik uky­by mil­li te­le­wi­de­ni­ýä­niň we ra­dio­nyň äh­li gep­le­şik­le­ri­ni HD gör­nü­şin­de gör­kez­mä­ge we radio gepleşiklerinmi ýokary hilli eşitdirmäge mümümkinçilik berýär.
Mil­li hem­ra­nyň hyz­mat­la­ryn­dan Türk­me­nis­ta­nyň dür­li mi­nistr­lik­le­ri we pu­dak eda­ra­la­ry üs­tün­lik­li peý­da­lan­ýar­lar.
“Türk­me­nÄ­lem52oE”-niň ýaý­lym­la­ry­nyň (trans­pon­der­le­ri­ni, seg­ment­le­ri­ni) hem­ra hyz­mat­la­ry­ny we kä­ren­de­si­ni hö­dür­le­mek üçin “Türk­men Hem­ra­sy” ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti (ÝGPJ) dö­re­dil­di. Hä­zir­ki wagt­da ol ýur­du­my­zyň ne­bit­-gaz top­lu­myn­da iş­le­ýän iri da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­na ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýär. Türk­men eme­li hem­ra­sy­nyň üs­ti bi­len do­gan­lyk Ow­ga­nys­ta­nyň üç te­le­ýaý­ly­my öz gep­le­şik­le­ri­ni, da­şa­ry ýurt­la­ryň 20-den gow­rak te­le­ýaý­ly­my bol­sa, sy­nag ter­ti­bin­de gep­le­şik­le­ri­ni ýaý­ly­ma ber­ýär, ola­ryň şu ýy­lyň ap­rel aýyn­da tä­jir­çi­lik esa­syn­da işe baş­la­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär. ÝGPJ-niň gat­naş­ma­gyn­da älem ara­gat­na­şy­gy­nyň hyz­mat­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni – giň ge­rim­li In­ter­net hem-de ara­gat­na­şy­gyň hyz­mat­la­ry­nyň beý­le­ki gör­nüş­le­ri­ni hö­dür­le­mek üçin te­le­port en­ja­my gur­nal­dy. “Türk­me­nÄ­lem52oE” hem­ra­sy­nyň kö­me­gi bi­len dag et­rap­la­ryn­da we Ga­ra­gum çö­lün­de ýer­le­şen alys­da­ky hem-de ba­ryl­ma­sy kyn bo­lan şä­her­çe­le­ri yk­jam we ge­çi­ri­ji­li te­le­fon ara­gat­na­şy­gy bi­len üp­jün et­mek müm­kin­çi­li­gi peý­da bol­dy.
Netijede, şu ýyl we­la­ýat­la­ryň ba­ryl­masy kyn we alys­da­ky ýer­le­rin­de ýa­şa­ýan ila­ty mag­lu­mat – ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dyr­ma­gyň de­re­je­si gör­ne­tin ýo­kar­la­nar.