Milli bahar baýramyna gabatlanyp, “At – myrat” atly film ýurdumyzda görkezilip başlandy. Filmiň paýtagtymyzyň “Aşgabat” kino merkezinde we “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde, Marynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda görkezilişi boldy. Milli telewideniýäniň ýaýlymlarynda hem “At – myrat” filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Filmde Merdan atly onki ýaşly oglan hakynda gürrüň berilýär, ol atasy, belli seýis Çerkez aganyň ýanynda bolup, diňe bir atşynaslyk bilen tanyşmak bilen çäklenmän, eýsem, seýisçiligiň inçe syrlaryny hem öwrenýär.
Onda behişdi bedewlere hakyky söýgi döreýär. Bedewler bilen ýakyndan tanyşdygyça, onuň daşky gurşawa garaýşy üýtgeýär, onuň gözelligi we sazlaşykly häsiýeti barada düşünje alýar. Ýetginjek ýelden ýüwrük bedewler bilen söhbetdeş bolup, asyllylyk, wepadarlyk, gaýduwsyzlyk we buýsanç, mertebe hem-de edermenlik ýaly müdimilik gymmatlyklaryň many-mazmunyna göz ýetirýär, ussat türkmen seýisleri ahalteke bedewlerinde şeýle häsiýetleri kemala getiripdirler.
Merdan meşhur çapyksuwar bolmak ýaly asylly maksady öňde goýýar, filmiň “At – myrat” atlandyrylmagy hem şundan gelip çykýar. Filmiň gurluşy nesilleriň aýrylmaz ruhy baglanyşygyna esaslanýan çuňňur taryhy wakalara hem-de garaýyşlara daýanýar. Resminamalaýyn häsiýetli wideoşekilleriň peýdalanylmagy atşynaslyk, onuň gaýtadan dikeldilmegi hem-de häzirki döwürde ösdürilmegi bilen baglanyşykly milli däp-dessurlar barada düşünje almaga ýardam berýär.
Filmiň gahrymany özüniň uly sarpa goýýan halypasynyň at çapyşyklarynda ýeňiş gazanyşyna, şeýle hem onuň agtygynyň ahalteke bedewinde çapyşyna tolgunmak bilen syn edýär. Merdan hem çapyşyklaryň ýeňijisi bolmagy arzuw edýär, öz ussatlygyny we batyrlygyny, ahalteke bedewleriniň güýjüni, gözelligini, çeýeligini görkezmek isleýär. Onuň bu arzuwy hasyl bolýar, ol ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda ýeňiş gazanýar.
“At-myrat” atly film Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde režissýor K.Annanowyň ýolbaşçylyk edýän topary tarapyndan döredildi. Filmde keşpleri döretmäge gatnaşan belli artistler bilen bir hatarda, oglanyň we onuň atasynyň keşbini sungat bilen ykbalyny baglamadyk, emma atşynaslyk bilen meşgullanýan höwesjeň artistler ýerine ýetirdiler. Munuň özi filmde öňe sürülýän esasy pikiri tomaşaçylara takyk ýetirmäge ýardam berdi.