Alym­lar ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­jä gel­di­ler: dal­çyn be­de­niň gyzgynlygyny iki gra­dus pe­seld­ýär. Şeý­le hem, be­de­niň umu­my ýag­da­ýy­ny go­wu­laş­dyr­ma­ga ukyp­ly di­ýip, “Eu­rek Alert” saý­ty ýaz­ýar. Gö­rüp otur­sa­lar, dal­çyn aş­ga­za­nyň di­war­la­ry­nyň bi­te­wü­li­gi­ne ýar­dam ber­ýän eken. Haý­wan­lar­da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da aş­ga­zan şi­re­si­niň we onuň di­war­la­ryn­dan pep­si­niň iş­läp çyk­ma­gy­nyň pe­se düş­me­gi­niň ha­sa­by­na olar­da kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň dö­re­me­gi ara­dan aý­ry­lyp­dyr. Ne­ti­je­de bol­sa, aş­ga­za­nyň gyzgynlyk de­re­je­si peselipdir.
Bu ýag­daý haý­wan­la­ryň sag­ly­gy­na oňaý­ly tä­sir edip­dir. Alym­la­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, dal­çy­nyň iç­ki gyz­gyn­lyk de­re­je­si­ni pe­se dü­şür­mek uky­by, onuň ys­sy ýurt­lar­da nä­me üçin giň­den ula­nyl­ýan­ly­gy bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Dal­çy­nyň ýar­da­my bi­len be­de­ni, ha­ky­kat­dan hem, so­wa­dyp bol­ýan eken. Alym­lar öz­le­ri­niň bar­lag­la­ry­ny ger­de şe­kil­li ýu­wu­dyl­ýan öz­bo­luş­ly sen­sor­la­ryň kö­me­gi bi­len ama­la aşyr­dy­lar. Bu sen­sor­lar aş­ga­zan – içe­ge trak­ty­nyň haý­sy ga­zy iş­läp çy­kar­ýan­dy­gy­ny anyk­la­ma­ga, be­de­ne gö­zeg­çi­lik et­mä­ge we üýt­geş­me­le­ri bel­li­ge al­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Alym­lar mun­dan ozal, dal­çy­nyň ça­ga­la­ryň ýat­keş­li­gi­ni ös­dür­ýän­di­gi­ni mä­lim edip­di­ler.