Motosiklleriň owadanja görnüşi hasaplanýan skuterler geçen asyryň ahyrlarynda ýoň bolupdy. Awtoulag we motosikl öndürijiler şowly çykan käbir modelini döwrebaplaşdyryp, gaýtadan öndürýärler. Ozalky Çehoslowakiýanyň “Cezeta” kompaniýasy hem şeýle motorlary 1957 – 1964-nji ýyllar aralygynda öndüripdi. “Type 501” ady bilen döredilen bu seria 506-a çenli dowam edipdi. Kompaniýa 60 ýyl ozalky 506 modeliniň dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşini az mukdarda öndürdi. Motor önümçiligini birnäçe ýyl goýbolsun eden kompaniýa 2013-nji ýylda onuň önümçiligini gaýtadan ýola goýupdy. Çeh Respublikasynda satuwa çykaryljak motoryň kuwwaty 15 at güýjüne barabar. Onuň iki görnüşi bolup, kiçisiniň tizligi sagatda 85 km/s, ulusynyňky 120 km/s deň bolar. Onuň batareýalaryny “Panasonic” öndüripdir. Ulaga öý şertlerinde 2-3 sagadyň dowamynda zarýad berip bolýar. Motoryň kiçisi bir gezekki zarýady bilen 80-100 kilometre, ulusy 120-150 kilometre çenli ýol geçýär. Şu ýylyň dowamynda onuň 250 kilometre deňiç ýol geçip bilýän görnüşiniň peýda boljakdygy habar berildi. Bary-ýogy 600 sanysy öndüriljek ulagyň batareýasy aýratynlykda satylar. Isleg bildirýänler ony kireýine hem alyp bilerler. Motoryň kiçisi 7 640 ýewrodan satylar.