Hormatly Prezidentimiz: “Biz ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda geljekde hem giň gerimli işleri amala aşyrarys” diýip, uly buýsanç bilen belläp geçýär. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerini, onuň alys künjeklerini gurşap alan toplumlaýyn hem-de giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Biz bu özgerişlikleriň ajaýyp miwelerini her bir ädimde görýäris.
Täze taryhy eýýamda ynsan saglygyny goramak, berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgesi ýurdumyzyň saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Häzirki wagtda bu ulgamlaryň döwrebap düzümleri döredildi. Halkara derejesindäki sagaldyş we dynç alyş merkezleri, şypahanalary, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen Türkmenistan bagtyýarlaryň ýurduna we melhemler mekanyna öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor hökmünde ajaýyp kitaplary bilen ylmyň bu ugrunyň ösmegine hem ägirt uly goşant goşýar. Munuň özi döredijilik gözleglerini, baý iş we durmuş tejribäňi ylmy işe, milli ylym ulgamymyzyň ösmegine bagyş etmegiň nusgalyk göreldesidir. Milli Liderimiziň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli kitabyň dünýäniň ençeme dillerine terjime edilmegi, ondaky adam saglygyny berkitmek baradaky öňe sürülýän teklipleriň merdana halkymyzyň durmuşynda wagt synagyndan geçenligini aňladýar. Alym Arkadagymyzyň bu düýpli ylmy işi bütin dünýäniň alymlaryna öz ýurdunyň tebigatynyň ösümlikler dünýäsiniň baýlyklaryny halkyň hyzmatynda goýmagy öwredýändigi üçin hem gymmatlydyr. Arkadag Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”, “Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy”, “Türkmenistan – melhemler mekany” atly kitaplary saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň, bu ugurdan bilim alýan, hünär öwrenýän talyplaryň gymmatly gollanmasyna, ýan kitabyna öwrüldi.
2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň paýtagtymyzda geçirilmegi-de buýsandyryjy wakadyr. Bu gün ähli halkymyz bu dabaralary mynasyp garşy almaga uly taýýarlyk işlerini görýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýörite ýerine ýetiriji komitet döredilip, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilelikde düýpli işleri amala aşyrýarlar. Taýýarlyk işleriniň çäginde V Aziýa oýunlary barada maglumat beriji žurnallar, gollanmalar, türkmen, rus, iňlis, arap dilleriniň sözlükleri, Türkmenistanyň we Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk kartalary we poçta nyşanlary taýýarlanylýar. Mundan başga-da V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny, bu oýunlaryň ýeňijilerini sylaglamak dabaralaryny guramagyň maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar.
Oýunlaryň geçirilýän döwründe paýtagtymyzda, şeýle-de, bu oýunlara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ýaşaýan ýerlerinde medeni çäreleri guramak, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda we daşary ýurtlaryň estrada ýyldyzlaryny çagyryp, şagalaň-şowhunly konsertleri guramak meselelerine-de uly ähmiýet berilýär.
V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbinde we tumarynda, resmi nyşanlarynda milletimiziň ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, ruhy baýlyklary, maddy we maddy däl medeni gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar.
Gözel paýtagtymyzda V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň özi hem diňe bir halkymyzyň saglygy, bagtyýarlygy ugrunda edilýän aladalaryň netijesi bolmak bilen çäklenmän, türkmen halkyny dünýä tanatmakda-da aýgytly ädimdir.
Bu babatda söhbet açylanda ýurdumyzda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň uly ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Bu çäreleriň geçirilmeginiň bir aýlyga öwrülmegi-de, olara has giň gerim hem dowamat berdi. Sagdynlyk ýörelgesi häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň sagdynlygy, döwletimiziň berkararlyk binýadynyň has-da pugtalanmagy, halkymyzyň genefondunyň sagdynlygy hakyndaky aladadyr. Saglyk bolsa, “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” bolan üstümizdäki ýyl hem milletiň ykbalyny arşa göterýän, halkymyzy bagta alyp barýan beýik başlangyçlaryň ýylyna öwrüler.
Gülşirin Agaýewa,
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk
institutynyň mugallymy.