Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy aň­ry­baş en­ja­my “Ga­laxy S8”-i köp­çü­li­giň dyk­ga­ty­na ýe­tir­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň ozal­ky mo­del­le­ri elekt­ron en­jam­la­ry­nyň iň iri ser­gi­si bo­lan MWC-de däl-de, aý­ra­tyn­lyk­da ta­nyş­dy­ryl­dy. Few­ral­da ge­çi­ri­len MWC ser­gi­sin­de di­ňe “Tab S3” plan­şe­ti hödürlenipdi. Ge­çen ýyl sa­tu­wa çy­ka­ry­lan we VR äý­nek bi­len saz­la­şyk­ly iş­läp bil­ýän “Ga­laxy S7” şow­ly bol­man­dy. Onuň kä­bir gör­nüşi­niň ba­ta­re­ýa­sy­nyň aşa gyz­ýan­dy­gy anyk­la­nyp­dy. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, müş­de­ri­ler oňa uly is­leg bil­dir­di­ler.
Bi­ler­men­ler “Sam­sung”-yň tä­ze en­ja­my­na is­le­giň örän ýo­ka­ry bol­ma­gy­na ga­raş­ýar­lar. Hat­da on­da ula­ny­lan “Qualcomm” çip­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­niň az­dy­gy se­bäp­li, müş­de­ri­le­riň is­leg­le­ri­ne ýe­tiş­mek­de hem kyn­çy­lyk dö­räp bil­jek­di­gi­ni aýd­ýar­lar. “Qualcomm”-yň tä­ze ýo­ka­ry de­re­je­li mik­rop­ro­ses­so­ry “Snapd­ra­gon 835” il­kin­ji ge­zek “Ga­laxy S8” en­ja­myn­da peý­da­la­nyl­dy. Smartfonyň Gü­nor­ta Ko­re­ýa­da we beý­le­ki kä­bir ýurt­lar­da sa­tyl­jak gör­nü­şin­de bol­sa, “Exynos 8895” mik­rop­ro­ses­so­ry otur­dy­lyp­dyr. Bu çi­piň hem hi­li “Snapd­ra­gon 835”-e ba­ra­bar.

29-njy mart­da tanyşdyryldy
29-njy mart­da Lon­don­da we Nýu-Ýork­da bir­wagt­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­da “Ga­laxy S8” hem-de “Ga­laxy S8+” smart­fon­la­ry bi­len bir ha­tar­da, olar bi­len saz­la­şyk­ly iş­le­ýän “Ge­ar VR” gu­lak­ly­gy hem-de “Ge­ar 360” ka­me­ra hem gör­ke­zil­di. Hy­ýa­ly ha­ky­kat (VR) gu­lak­ly­gy­ny öňün­den sar­gyt eden­le­re smart­fon bi­len bi­le­lik­de gow­şu­ry­lar.
“Ge­ar 360” ka­me­ra­sy bol­sa, 360° de­re­je­lik pa­no­ra­ma su­rat­la­ry­ny we wi­deo­şe­kil­le­ri ýaz­ga al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le hem bu ka­me­ra ar­ka­ly 4K du­ru­ly­gyn­da wi­deo alyp bol­ýar. “Sam­sung Ge­ar 360” fo­to­ap­pa­ra­ty ikin­ji çär­ýek­de sa­tu­wa çy­ka­ry­lar we 350 dol­lar­dan sa­ty­lar.

Komp­ýu­te­re öw­rül­ýär
Soň­ky wagt­lar­da smart­fon­lar, ýan komp­ýu­ter­ler, no­ut­buk­lar, net­buk­lar we beý­le­ki mo­bil en­jam­la­ryň kö­pü­si­niň aý­ra­tyn­ly­gy bi­ri-bi­ri­niň­kä meň­zäp baş­la­dy. Ýag­ny ozal komp­ýu­te­riň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän işi­ni smart­fon ar­ka­ly hem et­mek müm­kin. Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň çy­ka­ran soň­ky en­ja­my­ny ada­ty komp­ýu­ter hök­mün­de ulan­mak bo­lar. “Ga­laxy S8”-i stol komp­ýu­te­ri­ne meň­zeş “Sam­sung Desk­top Expe­ri­ence” at­ly en­jam bi­len bi­rik­di­rip bo­lar. Şem­da­na meň­zeş en­jam­da bag­la­nyş­dyr­ýan ýö­ri­te ýer­ler bo­lup, HDMI, kla­wia­tu­ra, sy­çan­jyk we USB por­ty ar­ka­ly smart­fo­ny mo­ni­to­ra bi­rik­di­rip bol­ýar. Bu komp­ýu­ter and­ro­id ama­ly ul­gam­ly bo­lup, as­lyn­da smart­fo­ny uly ek­ran­da gör­kez­mä­ge kö­mek ed­ýär.
Öň­ki ýyl­lar­da “Micro­soft” hem-de “Mo­to­ro­la” kom­pa­ni­ýa­la­ry hem el te­le­fon­la­ry­ny komp­ýu­te­re öwür­ýän en­jam­la­ry sa­tu­wa çy­ka­ryp­dy­lar.