Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň sak­la­n­ma­gy, goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi ug­run­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň goň­şy hem-de dün­ýä döw­let­le­ri bi­len dos­ta­na gat­na­şyk­la­ry has-da ýyg­jam­laş­dy. As­lyn­da, ber­ka­rar döw­le­ti­miz 1992-nji ýy­lyň 2-nji mar­tyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň dü­zü­mi­ne ag­za hök­mün­de ka­bul edi­le­li bä­ri, 25 ýy­lyň do­wa­myn­da dün­ýä döw­let­le­ri bi­len pa­ra­hat­çy­lyk, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­na ygrarly bo­lup gel­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ber­ka­rar döw­le­ti­miz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň BMGÖM, ÝU­NI­SEF, ÝU­NES­KO, BMG, EKO­SOS ýa­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry hem-de dü­züm­le­ri bi­len iç­gin hyz­mat­daş­lyk­da dür­li ul­gam­lar­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ga işeň­ňir gat­naş­ýar. Şu wag­ta çen­li Türk­me­nis­tan BMG ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan kon­wen­si­ýa­la­ryň we hal­ka­ra-hu­kuk res­mi­na­ma­la­ry­nyň 120-si­ne iş­jeň go­şul­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň şu ýy­lyň 18-nji few­ra­lyn­da bo­lup ge­çen gi­ňiş­le­ýin mas­la­ha­tyn­da “Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2017–2023-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­syn­da” hem BMG bi­len ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň, edil ozal­ky­la­ry ýa­ly, iç­gin hyz­mat­daş­lyk­da bol­jak­dy­gy tas­syk­la­n­dy. Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da soň­ky ýyl­lar­da goň­şy döw­let­ler bi­len ys­ny­şyk­ly dos­ta­na gat­na­şyk­la­ryň ýyg­jam­laş­ma­gy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni yla­la­şyk­la­ryň en­çe­me­si­ne gol çe­kil­me­gi ýurt­la­ryň ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri­ne oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň mart aýy­nyň 1-in­de Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na, 15-nji mart­da Ka­tar döw­le­ti­ne döw­let sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, ýur­duň be­lent de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry bi­len du­şu­şyk­la­ry ge­çi­rip, ola­ryň ne­ti­je­sin­de bol­sa, öza­ra bäh­bit­li en­çe­me yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­me­gi ýurt­la­ryň ra­ýat­la­ry­nyň ara­syn­da çuň­ňur ka­na­gat­lan­ma dö­ret­di. 6-njy mart­da goň­şy Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ata Wa­ta­ny­my­za döw­let sa­pa­ry bi­len gel­me­gi, iki döw­let­le­riň de­giş­li pu­dak­la­ry­nyň ara­syn­da bir­nä­çe ugur­lar­da yla­la­şyk­la­ryň ga­za­nyl­ma­gy, şeý­le hem söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Bu­ha­ra ob­las­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi bi­len Bu­ha­ra ob­las­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň ara­syn­da yla­la­şy­ga gol çe­kil­me­gi iki döw­le­tiň ara­syn­da pa­ra­hat­çy­ly­ga ýu­gru­lan yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň, dost­luk-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ryň pa­jar­lap ös­me­gi­ne ýar­dam et­jek çöz­güt­ler bol­dy. Döw­let sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta­ bermegi bi­len Türk­me­na­bat – Fa­rap de­mir ýol köp­rü­si­niň hem-de onuň ýa­ny bi­len gur­lan Türk­me­na­bat – Fa­rap awtomobil köp­rü­si­niň açy­lyp, ula­nyl­ma­ga tab­şy­ryl­ma­gy hem türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry­nyň bar­ha ber­ke­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­dy. Ge­çen aýyň ahyr­ky gün­le­rin­de Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Lu­ka­şen­ko­nyň ýur­du­my­za res­mi sa­par bi­len gel­me­gi hem-de onuň mil­li Li­de­ri­miz bi­len en­çe­me yk­dy­sa­dy, yl­my-me­de­ni yla­la­şyk­la­ra gol çek­me­gi, 31-nji mart­da iki ýur­duň Pre­zi­dent­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­dä­ki iň iri Gar­lyk ka­liý dag-mag­dan baý­laş­dy­ry­jy top­lu­my­nyň da­ba­ra­ly ýag­daý­da ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi türk­men-be­la­rus gat­na­şyk­la­ry­ny tä­ze de­re­jä çy­kar­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len goň­şy hem uzak­lar­da ýa­şa­ýan halk­lar bi­len yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­my­zyň bar­ha ber­ke­ýän­di­gi hem gu­wanç­ly­dyr. Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň dur­nuk­ly dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­ne ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak go­şant bo­lan Türk­me­nis­tan-Öz­be­gis­tan-Ga­za­gys­tan-Hy­taý gaz ge­çi­ri­ji­si­niň, De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta ulag ge­çi­ri­ji­si­niň “al­tyn hal­ka­sy” bo­lan Ga­za­gys­tan-Türk­me­nis­tan-Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Tä­ji­gis­tan de­mir ýo­lu­nyň, Türk­me­nis­tan-Eý­ran gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň bat­ly dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy, goň­şy Ow­ga­nys­ta­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň we su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň ýe­ňil­lik­li ba­ha­dan bök­denç­siz ug­ra­dyl­ýan­dy­gy hem ýo­kar­da aý­dan­la­ry­my­zy tas­syk­la­ýan­dyr.
Bu aý­dy­lan­la­ryň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň ber­ke­me­gi­ne, halk­la­ryň ara­syn­da dost­luk-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­me­gi­ne, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň, Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň şan-şöh­ra­ty­nyň dün­ýä ýa­ýyl­ma­gy­na hyz­mat ed­ýän­di­gi hem­mä­mi­ziň kal­by­myz­da uly buý­sanç, gu­wanç dö­red­ýär!

My­rat­mu­ham­met My­ra­dow,
Hal­ka­ra ne­bit we gaz
uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.