Türk­me­niň şu gün­ki ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň be­lent­li­gi­ni äle­me buş­la­ýan Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň her bir gü­ni, aýy bir-bi­rin­den ta­pa­wut­la­nyp, ra­ýat­la­ry­my­zyň bag­ty­ýar ýa­şaý­şy­ny tä­ze öwüş­gin­ler bi­len be­ze­ýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sport sag­ly­gyň we gu­jur-gaý­ra­tyň çeş­me­si­dir. Bu gün dün­ýä­niň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ar­ka­ly dün­ýä bi­zi, bi­ziň ýur­du­my­zy di­ňe bir dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan güýç­li dep­gin­ler bi­len gül­läp ös­ýän ýurt hök­mün­de däl-de, eý­sem, sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň mes­ge­ni – sport döw­le­ti hök­mün­de hem giň­den ta­na­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýurt Baş­tu­tan­ly­gy­na saý­la­nan il­kin­ji gün­le­rin­den bä­ri mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş ýag­da­ýy­ny has hem go­wu­lan­dyr­mak­da ta­gal­la ed­ýär. Her bir ra­ýa­ty­my­zyň be­den taý­dan sag­dyn, ru­hy taý­dan kä­mil, ru­hu­be­lent bol­mak­la­ry üçin ýur­du­myz­da spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne iň­ňän uly üns be­ril­ýär. Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­je­gin­de sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­ga äh­li şert­ler dö­re­di­len­dir. Ýur­du­myz­da dün­ýä­niň iň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, sport en­jam­la­ry bi­len hem­me­ta­rap­la­ýyn en­jam­laş­dy­ry­lan kö­pu­gur­ly sta­di­on­lar­dyr sport mer­kez­le­ri­niň sa­ny bar­ha art­ýar. Bu gün­ki gün Türk­me­nis­tan spor­tuň uly dep­gin­ler bi­len ös­ýän me­ka­ny­na öw­rül­di. Soň­ky ýyl­lar­da bol­sa, ýaş tür­gen­le­ri­mi­ziň se­bit we hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ýa­ryş­lar­da ga­zan­ýan ýe­ňiş­le­ri­niň sa­ny­nyň aý­ba-aý di­ýen ýa­ly art­ýan­dy­gy me­se-mä­lim du­ýul­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, küşt, kon­ki­de yl­ga­mak, wo­leý­bol, jiu-jit­su, sam­bo, ba­şa-baş sö­weş ýa­ly baş­ga-da bir­nä­çe sport gör­nüş­le­ri V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zi­len­dir. Ge­çen aý­da Ru­my­ni­ýa­da dün­ýä­niň 40 ýur­dun­dan 140-a go­laý küşt­çi­niň gat­naş­ma­gyn­da bo­lup ge­çen “Bu­da­pest Spring Fes­ti­wal” ýa­ry­şyn­da il­deş­le­ri­miz 2 al­tyn, 1 kü­müş me­daly eýe­le­me­gi ba­şar­dy­lar. Il­de­şi­miz, Mil­li ýö­ri­te olim­pi­ýa mer­ke­zi­niň we­ki­li, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň kö­mek­çi mek­de­bi­niň 7-nji synp okuw­çy­sy Al­la­nur Aşy­row Awst­ri­ýa­nyň Gras şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä gyş­ky ýö­ri­te oýun­la­ry­na gat­naş­mak bi­len, 25 hem-de 55 metr ara­ly­ga kon­ki­de yl­ga­mak­da al­tyn me­dal­la­ryň 2-si­ne my­na­syp bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň wo­leý­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň ge­çen aý­da Mal­diw Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Ma­le şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Azi­ýa­nyň mer­ke­zi se­bi­ti­niň 3-nji çem­pio­na­tyn­da 2-nji ýe­ri eýe­läp, kü­müş me­da­la my­na­syp bo­lan­dyk­la­ry sport muş­dak­la­ry­my­zy diý­seň be­gen­dir­di. Tür­gen­le­ri­mi­ziň jiu-jit­su oý­ny bo­ýun­ça Gre­si­ýa­nyň paý­tag­ty Afi­ny şä­he­rin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra ýa­ry­şyn­da baý­rak­ly or­na, sam­bo bo­ýun­ça Mosk­wa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len şeý­le ýa­ryş­da 7 me­da­la my­na­syp bo­lan­dyk­la­ry ola­ryň Azia­da–2017-ä ta­ýyn­lan­mak ba­ba­tyn­da ti­jen­ýän­dik­le­rin­den ha­bar ber­ýär. Go­laý­da türk­men kik­boks­çy­la­ry­my­zyň Ri­ga şä­he­rin­de 500-e go­laý tür­ge­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra ýa­ry­şyn­da 29 me­da­la (16 al­tyn, 8 kü­müş, 5 bü­rünç) my­na­syp bo­lan­dyk­la­ry, ka­ra­te­çi­le­ri­mi­ziň Pra­ga şä­he­rin­de ge­çi­ri­len şeý­le ýa­ryş­da al­tyn me­dal­la­ryň 5-si­ni ga­za­nan­dyk­la­ry ola­ryň uly üs­tün­lik­le­ri­dir. Türk­me­nis­ta­nyň sport us­sa­dy, meş­hur tür­ge­ni­miz Şöh­rat Al­la­ýew ýa­ňy-ýa­kyn­da Tür­ki­ýä­niň An­ta­li­ýa şä­he­rin­de ga­ry­şyk ba­şa-baş sö­weş bo­ýun­ça ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da al­tyn me­dal­la­ryň 4-si­ne my­na­syp bol­dy.
Ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da ba­ry-ýo­gy 10-15 ýyl mun­dan öň şeý­le ne­ti­je­le­riň ga­za­nyl­man­dy­gy­ny, bu oňyn ýag­da­ýyň in­di dä­be öw­rü­lip gi­den­di­gi­ni nyg­ta­sak, ata Wa­ta­ny­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny ýo­ka­ry gal­dyr­ýan tür­gen­le­ri­mi­ze bo­lan gu­wan­jy­myz go­şa­lan­ýar. Kal­by­myz­da ola­ryň Azia­da–2017-de şow­ly çy­kyş et­jek­dik­le­ri­ne bo­lan yna­my­myz art­ýar.
Ge­çen ýek­şen­be­de, ýag­ny ýur­du­myz­da Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­niň uly da­ba­ra­lar bi­len bel­le­ni­lip ge­çi­len gü­nün­de Awa­za­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta ber­me­gin­de iri sport des­ga­sy­nyň açyl­ma­gy hem er­jel tür­gen­le­ri­mi­ze Azia­da oňat taý­ýar­lan­ma­ga uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­der. Iň be­genç­li ýe­ri: bu ge­çi­ri­len aja­ýyp çä­re­le­riň ber­ka­rar Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­zi ru­hu­be­lent­li­giň, sag­dyn­ly­gyň, spor­tuň ýur­du­na öw­ren­li­gi­dir.
Biz sag­dyn nes­li ke­ma­la ge­tir­me­giň, ýaş­la­ra gö­rel­de­li ter­bi­ýe ber­me­giň her bir maş­ga­la­nyň baş mak­sa­dy­na öw­rül­me­gi üçin gi­je-gün­diz ala­da ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­lent ba­şy­nyň aman bol­ma­gy­ny, mer­da­na hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­nyň pug­ta­lan­ma­gy üçin ba­dal­ga be­ren aý­dyň ýol­la­ry­nyň asyr­la­ra uza­ma­gy­ny tüýs ýü­rek­den ar­zuw ed­ýä­ris!

Gül­nar AH­ME­DO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men
oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.