Nor­we­gi­ýa­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy bri­ta­ni­ýa­ly matematik Endr­ýu Uaý­lsy Abel baý­ra­gy­nyň eýe­si di­ýip, mä­lim et­di. “Ma­te­ma­tik­ler üçin No­bel baý­ra­gy” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu baýrak Fer­ma­nyň na­za­ry­ýe­ti­ni su­but eden­li­gi üçin gow­şu­ryl­dy. Bu na­za­ry­ýe­ti 350 ýyl­lap su­but et­mek ba­şart­man­dy. Baý­ra­gyň muk­da­ry 6 mil­li­on nor­weg kro­ny­na ba­ra­bar­dyr.
Abel ko­mi­te­ti­niň ýol­baş­çy­sy Ýon Rog­nes “Fer­ma­nyň na­za­ry­ýe­ti­niň su­but edil­me­gi Uaýlsyň ýe­ke-täk yl­my üs­tün­li­gi däl­dir” di­ýip, bel­läp geç­di. 63 ýaş­ly alym Oks­ford we Kemb­rij uni­wer­si­tet­le­rin­de bi­lim al­dy. Endr­ýu Uaýls 30 ýy­lyň do­wa­myn­da ABŞ-da iş­le­di, Prins­ton uni­wer­si­te­tin­de sa­pak ber­di we 2005-nji ýyl­dan 2009-njy ýy­la çen­li ara­lyk­da ol ýer­de ma­te­ma­ti­ka ka­fed­ra­sy­na ýol­baş­çy­lyk et­di. Ol hä­zir­ki wagt­da Oks­ford uni­wer­si­te­tin­de iş­le­ýär. Şo­nuň ýa­ly hem ol ylym­da bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin bir­nä­çe ma­te­ma­ti­ka baý­rak­la­ry­na my­na­syp bol­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň şa ze­na­ny Ýe­li­za­we­ta II ta­ra­pyn­dan “Ry­sar” baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy.
Endr­ýu Uaýls in­terw­ýu­syn­da bu na­za­ry­ýe­tiň özü­ni 10 ýyl mun­dan ozal, gy­zyk­lan­dy­ryp baş­lan­dy­gy­ny aýt­dy. Bu na­za­ry­ýet 1637-nji ýyl­da öňe sür­len­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ony hä­zir­ki gü­ne çen­li su­but et­mek hiç ki­me ba­şart­man­dy. Daniýaly alym Nils Abeliň hormatyna ady dakylan baýrak 2003-nji ýyldan bäri matematika ugrundan üstünlik gazananlara gowşurylýar.