Häzirki wagtda dünýäniň käbir şäherinde sürüjisiz metrolar ýa-da kiçeňräk awtobuslar hereket edýär. Şeýle usulyň Londonyň Grinwiç etrabynda hem ýola goýuljakdygy aýdylýar. “Harry” atly ulag synag maksady bilen bellenen aralykda üç hepdeläp hereket eder. Tizligi sagatda 16 km-e ýetýän ulag bary-ýogy 4 ýolagça niýetlenen. Sürüjisiz münmäge niýetlenen hem bolsa, bu ulagyň hereketine gözegçilik etmek üçin onuň içinde tehniki işgär bolar. Synag üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda ulagyň, esasan, jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnamaýan ýerinde peýdalanylmagy maksat edinilýär.