Çär­ýek fi­na­lyň jo­gap oýun­la­ry­nyň iň gal­ma­gal­ly­sy, iň köp gür­rüň­li­si “Re­al Mad­rid”–“Ba­wa­ri­ýa” du­şu­şy­gy bol­dy. 1-nji oýun­da myh­man­çy­lyk­da 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Re­al” öz meý­dan­ça­syn­da­ky oý­nuň aň­sat­lyk bi­len geç­me­jek­di­gi­ni ga­ty go­wy bil­ýär­di. Bu şeý­le-de bol­dy. 1-nji ýa­rym­da ha­sap açyl­ma­dy. As­lyn­da, hem­me za­dam 2-nji ýa­rym­da we so­ňun­da bo­lup geç­di. Oý­nuň 53-nji mi­nu­tyn­da weng­ri­ýa­ly emin Wik­tor Kaş­şai “Rea­lyň” der­we­ze­si­niň al­ky­myn­da 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy­ny bel­le­di. Ony ta­kyk uran Le­wan­dows­ki kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça “Rea­lyň” to­run­dan 6-njy go­lu­ny ge­çir­di. 76-njy mi­nut­da Kris­tia­no Ro­nal­do kel­le ur­gu­sy bi­len ha­sa­by deň­le­di. 2 mi­nut­dan soň, he­mi­şe soň­ky mi­nut­lar­da “Rea­la” ýe­ňiş ga­zan­dyr­ýan go­rag­çy Ser­jio Ra­mos bu sa­par der­we­ze­si­ni ýal­ňyş­dy we pök­gi­ni at­an­lyk­da öz to­run­a saldy. 84-nji mi­nut­da 2-nji sa­ry pe­te­gi­ni alan Ar­tu­ro Wi­dal (1-nji­si 6-njy mi­nut­da gör­ke­zil­di) meý­dan­ça­dan çy­ka­ryl­dy. Ne­ti­je­de, esa­sy wagt­da 2–1 ha­sa­byn­da öňe saý­la­nan “Ba­wa­ri­ýa” oý­ny goş­ma­ça wag­ta elt­me­gi ba­şar­dy. Ýö­ne gy­zyl pe­tek edil 1-nji oýun­da­ky ýa­ly, bu du­şu­şyk­da-da ola­ry kyn ýag­da­ýa sal­dy. “Re­al” ýa­ly to­pa­ryň gar­şy­sy­na 1 adam kem oý­na­mak o di­ýen ýe­ňil iş däl­di. Goş­ma­ça 30 mi­nu­tyň il­kin­ji 15 mi­nu­tyn­da “Re­al” hü­jüm ba­ry­ny et­di. Ýö­ne derwezeçi No­ýe­ri geç­mek ba­şart­ma­dy. Ahy­ry 105-nji mi­nut­da ýe­ne-de Ro­nal­do ta­pa­wut­lan­dy. Bu go­luň oýun­dan da­şar­ky ýag­daý­da ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­lä­liň. 110-njy mi­nut­da Mar­se­lo­nyň pa­syn­dan soň, Ro­nal­do Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 6-njy het-tri­gi­ni et­di. Bu onuň “Ba­wa­ri­ýa­nyň” to­run­dan ge­çi­ren 9-njy pök­gü­si bol­dy. 112-nji mi­nut­da-da oý­na soň­dan go­şu­lan Mar­ko Asen­sio owa­dan gol bi­len du­şu­şy­ga soň­ky no­ka­dy goý­dy (4–2). Şeý­le­lik­de, bu du­şu­şyk emi­niň ýal­ňyş­la­ry­nyň kö­le­ge­sin­de gal­sa-da, bir­nä­çe re­kor­dy ýü­ze çy­kar­dy. Çem­pi­on­ly­gy­ny sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik alan we mu­ny ba­şa­ran il­kin­ji klub bol­mak üçin dyr­jaş­ýan “Re­al Mad­rid” bas­syr 7-nji ge­zek ýa­rym fi­na­la çy­kyp, bu ugur­da eze­li bäs­de­şi “Bar­se­lo­na­dan” öňe saý­lan­dy (2007/08 –2012/13). Mun­dan 6 gün öň UEFA-nyň klub ýa­ryş­la­ryn­da­ky 100-nji go­lu­ny sa­lan Ro­nal­do, bu du­şu­şyk­da 3 ge­zek ta­pa­wut­la­nyp, Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky pök­gü­le­ri­niň sanyny-da 100-e ýe­tir­di.

SOŇ­KY 4 ÝYL­DA 3-nji GE­ZEK
1-nji oýun­da 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňen “At­le­ti­ko” jo­gap du­şu­şy­gyn­da-da “Les­ter Si­ti­den” utul­ma­dy. Oý­nuň 26-njy mi­nu­tyn­da Sa­ul Ni­gu­es kel­le­si bi­len to­py der­we­zä gi­ri­zip, ha­sa­by aç­dy. Du­şu­şy­gyň 61-nji mi­nu­tyn­da-da je­ri­me meý­dan­ça­syn­da dö­rän ba­şa­gaý­lyk­dan ýer­lik­li peý­da­la­nan Jeý­mi War­di ha­sa­by deň­le­di. Şun­luk­da, oýun 1–1 ha­sa­byn­da ta­mam­lan­dy we “At­le­ti­ko” soň­ky 4 ýyl­da 3-nji ge­zek ýa­rym fi­nal­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy.

MBAP­PE we “MO­NA­KO”
Dort­mund­dan 3–2-lik ýe­ňiş bi­len do­la­nan we häzirki wagtda yklymyň iň köp ünsi çekýän kluby “Mo­na­ko” öz meý­dan­ça­syn­da-da “Bo­rus­sia” to­pa­ry­na he­zil ber­me­di. Aý­ra­ty­nam, 18 ýaş­ly hü­jüm­çisi Mbap­pe. Ol 3-nji mi­nut­da ha­sa­by aç­dy. 17-nji mi­nut­da kem-kem­den öň­ki gün­le­ri­ne do­lan­ýan Fal­kao ha­sa­by 2-ä çy­kar­dy. 2-nji ýa­ry­myň ba­şyn­da Mar­ko Roýs ne­mes klu­bu­ny umyt­lan­dyr­sa-da, 81-nji mi­nut­da Žer­men oý­na soň­ky no­ka­dy goý­dy. Şun­luk­da, “Mo­na­ko” 3-nji saý­la­ma tap­gy­ryn­dan ýaryşa goşulyp, ýa­rym fi­na­la çy­kan il­kin­ji klub bol­dy. To­par 4 pleý-off oý­nun­da-da 3 gol­dan ge­çi­ren 1-nji to­par di­ýen ady hem eýe­le­di. Şeýle-de Ki­li­an Mbap­pe Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da oý­nan il­kin­ji 4 pleý-off oý­nun­da-da ta­pa­wut­la­nan 1-nji fut­bol­çy bol­dy. “Mo­na­ko” 4-nji sa­par ýa­rym fi­nal­da çy­kyş eder.

BASSYR 2-nji SAPAR
1/2 FI­NA­LA ÇY­KYP BIL­ME­DI
Tu­rin­de jo­gap­syz 3 gol ge­çir­den “Bar­se­lo­na” “Kamp Nou” sta­dio­ny­nyň ja­dy­sy­na yna­nyp, PSŽ-de soň “Ýu­wen­tu­syň” gar­şy­syn­da-da müm­kin däl za­dy ba­şa­ra­ryn öýt­di. Oýun­çy­la­ryň, jan­kö­ýer­le­riň hat­da kä­bir bi­ler­men­le­riň-de mu­ňa yna­my ulu­dy. Ýö­ne bu ge­zek bol­ma­dy. Go­rag fut­bo­ly bi­len ta­nal­ýan ital­ýan­lar bu ady ýö­ne ýe­re al­man­dyk­la­ry­ny ýe­ne bir ýo­la su­but et­di­ler. Mes­si we ýol­daş­la­ry­na ha­sa­by aç­mak ba­şart­ma­dy. 2015-nji ýyl­da­ky fi­nal­da “Bar­se­lo­nadan” utu­lan “Ýu­wen­tus” bu sa­par şol ýeň­li­şiň öwe­zi­ni dol­dy. “Bar­se­lo­na” we­lin, bas­syr 2-nji möw­süm­de-de çär­ýek fi­nal­dan do­lan­ma­ly bol­dy. “Ýu­wen­tus” 8-nji ge­zek ýa­rym fi­nal­da oý­nar.

UEFA ÝEWROPA LIGASY
UEFA Ýew­ro­pa li­ga­syn­da “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” jo­gap du­şu­şy­gyn­da “An­der­leh­ti” goş­ma­ça wagt­da 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, ýa­rym fi­na­la çyk­dy. Esa­sy wag­ty 1-nji oýun­da­ky ýa­ly, deň­lik­de gu­ta­ran du­şu­şy­gyň 110-njy mi­nu­tyn­da “Ýu­naý­te­de” ýe­ňiş ge­ti­ren go­ly Reş­for­d öz ady­na ýaz­dyr­dy. 1-nji oýun­da 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Aýaks” myh­man­çy­lyk­da “Şal­ke­niň” esa­sy wagt­daky 2 go­lu­na çä­re ta­pyp bil­me­di (Go­res­ka 53, Burgş­tal­ler 56). Goş­ma­ça wagt­da-da Ka­li­gu­ri (101) bi­len 1 gol ge­çi­ren “Şal­ke” ýa­rym fi­na­la go­laý­lap­dy. Ýö­ne 1 oýunçy kem oýnaýan myhmanlardan 111-nji mi­nut­da Wir­ge­wer, 120-nji mi­nut­da Ýu­nes ta­pa­wut­la­nyp, “Aýaksy” 20 ýyl­dan soň, UEFA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da ýa­rym fi­na­la çy­kar­dy­. Şun­luk­da, 12 ýyl­dan soň (2005), il­kin­ji ge­zek UEFA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da ýa­rym fi­nal­da ýe­ke ne­mes to­pa­ry-da gal­ma­dy. “Be­şik­taş”–“Li­on” du­şu­şy­gyn­da ýer eýe­le­ri­niň peý­da­sy­na 1-nji oýun­da­ky ha­sap gaý­ta­lan­dy (2–1). Ne­ti­je­de, pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­dan soň, “Li­on” ýa­rym fi­nal­çy bol­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da 3–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Sel­ta” myh­man­çy­lyk­da “Genk” bi­len deň­me-deň oý­na­dy we ilkinji gezek ýa­rym fi­na­lyň pe­te­gi­ni al­dy.